Ata Watanymyz kuwwatly energetika döwleti

22.10.2024

Beýik özgertmeler ýoly bilen barha kuwwatlanýan mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan asylly işler, gurulýan köpsanly täze desgalar hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen strategiýanyň aýdyň netijesidir. Sebitlerde gurulýan we ulanylmaga berilýän täze desgalaryň hatarynda energetika ulgamyna degişli desgalaryň bolmagy pudagyñ kuwwatlylygyny has-da ýokarlandyrýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ sanly ulgam arkaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyñ şeýle-de Owganystanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyñ gatnaşmaklarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniñ taslamasynyñ birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiñ çäklerinde Owganystanyñ Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniñ işe girizilmegi biz ýaş energetikleriñ buýsançly başymyzy göge ýetirdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň kuwwatly elektroenergetikasynyň kemala gelmegini gazanmak, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Şeýle-de häzirki wagtda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmagyň we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhümdigine üns ýokarlanýar. Gurulýan döwrebap obalary, şäherçeleri we senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Bularyň ählisi «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Balkan welaýatynyñ Serdar etrabynda gurlan kuwwatlylygy 10 MWt bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyñ açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu desga ýurdumyzyň taryhynda ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň başlangyjy bolar. Taslamanyň ulanylmaga berilmegi netijesinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda gurulan döwrebap obany ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu elektrik stansiýanyñ taslamasynyñ biziñ ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlanylandygyny bolsa, aýratyn bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynda hem institutymyzda ylmy-önümçilik merkeziniñ döredilmeginiñ guwançly ýagdaýdygyny, bu ýerde ylmy-barlag işleriniñ geçirilmeginiñ oñyn başlangyçdygyny, Türkmenistanda ilkinji Gün-ýel garyşyk kuwwatly elektrik bekediniň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň ähmiýetlidigini bellemegi hem buýsançly wakadyr.

Gahryman Arkadagymyz: “Türkmenistanyñ elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynda: biz ýaşlara ýüzlenip, “Siz halkymyz üçin, ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin aýratyn möhüm bolan energetika ulgamynda işlemäge mümkinçilik alan bagtly ýaşlarsyňyz!” diýen ganatly jümlesi biz talyp ýaşlary, ykbalyny energetika pudagyna baglan ýaş energetikleri yhlasly okamana, döretmäne ruhlandyrýar, şeýlede yhlasly zähmet çekip, halal ýaşamana höwes döredýär.

Watanymyzy beýik ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen barha öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Arzygül ŞIHIÝEWA
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:01 am, Nov 23, 2024
temperature icon 10°C
облачно с прояснениями
Humidity 76 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Denominasiýa we onuňdurmuş-ykdysady netijeleri

Next Story

Maýa goýumlar

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop