Bir ýere gitjek bolnanda, bir işiň başy tutuljak bolnanda, kesp-hünär öwrenip, işe başlajak bolnanda halypadan, ýaşuludan ak pata alynýar. Halypany begendirmek, ondan öwrenmek, halypasynyň mertebesini goramak şägirdiň borjydyr.
Öz işine ezber, halypalyga ýetişen adamlara ussat diýilýär. Olaryň elinde bilim, terbiýe alýan, hünär öwrenýänlere şägirt diýipdirler. Şägirtler özlerine bilim, terbiýe berýän, hünär, başarnyk öwredýän ussatlaryna halypa diýip ýüzlenýärler. Öňki döwürde obalarda oglan-gyz okadýanlara molla diýlipdir. Soň ol mugallym sözi bilen çalşyrylýar. Ol iki sözüň-de asly birdir. Kähalatda halypa, mugallym diýen sözler ugurdaşrak manyny aňladýar. Halypalar, mugallymlar belli bir hünär boýunça ýörite bilimi bolan hünärli adamlardyr. Durmuşda özüniň käri boýunça tapawutlanýan adamlara ussat diýilýär. Muňa mysal edip, mugallymçylyk hünärini alyp göreliň. Orta mekdebi üstünlikli tamamlan ýaşlar ýörite orta ýa-da ýokary okuw mekdeplerinde okap, mugallymçylyk etmäge hukuk berýän diplom alýarlar. Soňra birnäçe ýyl işläninden soň, baý tejribe toplap, kem-kemden öz hünäriniň ussady bolup ýetişýärler. Uly hormat goýlandygy sebäpli, ilat arasynda hakyky ussatlar, halypalar ölmeýärler diýen gürrüň hem bar.
Hakyky ussatlar ölmeýärler diýen gürrüňiň çuň manysy bolup, ol ussatlaryň özleri bu dünýäden ötüp gitseler-de, olaryň ýasan, dokan, tiken zatlary, guran jaýlary ýadygärlik bolup soňky nesillere galýar, tälim-terbiýe beren şägirtleri olaryň işini dowam edýärler diýen manyny aňladýar. Ussadyň, halypanyň ady-da, işi-de, hünäri-de ýatdan çykmaýar. Mysal üçin, Marydaky Soltan Sanjaryň kümmeti, ony guran Muhammet Atsyzyň ady hiç wagt unudylmaz. Halypalaryň asylly başlangyjyny şägirtleri dowam etdirýärler, kämilleşdirýärler. Halypaň kärini kämilleşdirmek, dowam etdirmek olaryň sarpasynyň has-da belende göterilmegine ýardam edýär. Onuň üstesine-de halk arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa hünär ýiter» diýen nakyl hem bar. Şägirt halypadan ozduran wagtynda hem tekepbirlikden (men-menlikden) saklanmalydyr. Tekepbirlik şahsyýetiň abraýyny gaçyrýan ýaramaz gylyklaryň biridir. Halypadan ozdursa-da, şägirt onuň hormatyny, sarpasyny saklamaga çalyşmalydyr.
Bossan JUMAÝEWA
Daşoguz welaýatynyň
Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň talyby