Sungatyň gudraty

22.10.2024

Adamzat döräli sungat iň bir gözel duýgulary özünde jemelýän güýç bolup hyzmat edipdir. Haýsydyr bir gözel şekili öz kalbyňdan syzdyryp, beýleki adama geçirmek duýgusy dünýe döräli bäri bardyr. Şeýle duýga elbetde sungat diýilýär. Sungat bagy her bir zaman adamlary, halkalry we ýurtlary birleşdirip, dostlaşdyrypdyr.Şol sebäpli-de sungat hemişe gymmat bolupdyr, onuň derejesi hem ýokary bolupdyr, sungatyň gadryny bilen intilligensiýa hemişeler patyşalar tarapyndan hem gadyrly bolupdyr. Sunagtyň görnüşleri kän.Ynsan kalby bilen sungat bir- birini doldurýar.

Bu iki gudratly güýji bir- birinden aýyrmak mümkin däl. Olaryň ikisi bir- birini doldurýan, bir- birine gudratly güýç berýän zatlardyr. Ilkinji bilim sungaty nirede döräpdir diýilen soraga elbetde arkaýyn jogap berip bolar. Çünki folklor dünýäsindäki jadyly güýçler, olardaky şekiller başlangyç mekdeplerden öň hem edebi, terbiýäni hem- de şol bilim terbiýesiniň üsti bilen sungaty şekillendirmäge kömek edipdir.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, ýurtdumyzda medeniýet we sungat täze belentliklere galýar. Suratkeşleriň soňky döwürlerde döreden eserlerinde dünýä täzeçe garamak, tehniki usullaryň köpdürlüligi ýaly usullar peýda bolýar. Ol eserlerde halkyň şöhratly taryhy geçmişiniň, eziz diýarymyzyň gözel tebigatynyň, Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň ýaşaýjylarynyň gündeki zähmetiniň waspy ýetirilýär.

Häzirki zaman türkmen suratkeşleri hemişe döredijilik gözleglerinde. Olar eser beýanynyň täze ýollaryny tapýarlar, professional ussatlygy kämilleşdirýärler. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurdumyzyň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna alyp barýar.Olaryň döredijilik we mugallymçylyk ýoly türkmen nakgaşçylygynda düýpli dogruçylyk eserleriň döremegine, şekillendiriş sungatynyň ösüş ugurlaryny kesgitlän milli hünärmenleriñ uly toparynyň döredijiligi şol döwrüň nakgaşçylygynyň, türkmen şekillendiriş sungatynyň iň bir öwüşginli sahypalarynyň biridir. Türkmen nakgaşçylygynyň ösüşine uly goşant goşan suratkeşleriniň döredijilik intelligensiýasyny işjeň topary döredilýärler. Suratkeşleriň köpüsi teatr sahnasy üçin egin-başlary we sahnalary bezemek boýunça işleri ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Garaşsyz bolmagy bilen, ýurtda medeniýet we sungat täze belentliklere galýar. Dünýä sungatynyň gazananlaryny öz döredijiliginde eserleriniñ üsti bilen görkezip, türkmen suratkeşleri milli sungatyň ösüş tejribesinden peýdalanýarlar, beýle ýagdaý bolsa, ajaýyp eserleriň döremegine, ýurduň sungatynyň iň köp we mazmun taýdan iň kämil we dürlidir. Köp sanly eserlerinde suratkeş hakyky halkyñ durmuşy hakyndaky dessanyny uly çeperçilik güýji we täsirliligi bilen beýan edipdir. Eserde ol özüni çylşyrymly köp döredijilik wezipeleri çözmäge, epiki mazmunly eserleri döretmäge ukyply ussat hökmünde tanadýar. Dünýä sungaty üçin adaty bolan bu ýoly suratkeş milli esasda döretmek bilen, durmuşdaky hakykatçyl keşpleri şekillendirýär. Halk döredijiliginiň gözbaşlaryna ýüzlenýär, çeperçilik umumylaşdyrmanyň täze usullaryny agtarýar. Halk sungatynyň türkmen ussatlarynyň öndüren önümlerine uly isleg bildirilip, olar Aziýanyň hem Ýewropanyň köp ýurtlaryna çykarylypdyr.Türkmen halkynyň halylaryny döretmek bilen, suratkeşler bu sungata hem degişlidir.Eserde ýaş gelniň keşbi suratlandyrylan, onuň egninde ýerligi altynsöw goýy ýaşyl reňkli köýnek hem-de döşüniň üstünde daňylyp goýlan boýun daňysy ýerleşdirilen.

Halk ertekileri we rowaýatlary jemgyýetde terbiýeçilik, wagty boş geçirmezlik, diňleýjileriň içini gysdyrman, olary gyzyklandyryp güýmemek maksatlary üçin gürrüň berlipdir, emma mifleri döreden aýpalar, halklar olara hakykat hökmünde ynanypdyrlar. Hakykatynda mifler dünýäsi ertekilerde, milli aýratynlyk ýaly, gahrymanyň söweşýän jandarlarynyň keşbinde ýa- da haýsydyr bir tebigy güýçleriň keşbinde körpe nesilleriň aňynda watançylyk, ar- namys duýgularyny hem oýarmaga mümkinçilik döredipdir. Şeýle miflerher bir halkyň folklor dünýäsinde bolşy ýaly, gadym döwürlerde türkmen halkynyň arasynda-da bolupdyr.

Ýeri öküziň göterip durýandygy ýada adamlara, haýwanlara güýç, sagdynlyk we abadançylyk berýändigi baradaky mifler, ynançlar bolupdyr. Bu täsin şekiller körpe nesilde duýgulary terbiýelemäge kömek edipdir. Soň-soňlar bolsa, teatr we beýleki sungatlaryň üsti bilen adamlar sungata bilim arkaly ýakynlaşypdyrlar. Soň özlerine hünär edip almagy başarypdyrlar. Ilkibada mifler biri-birine gapmagarşylykly äheňde bolupdyrlar, sebäbi her bir taýpa we her bir medeniýet merkezi hudaýlar we gahrymanlar barada öz düşünjelerini beýan edipdir. Şol sebäpli olary belli bir tertibe salmak zerurlygy ýüze çykypdyr.

Aslynda bilimiň üsti bilen sungat bagyny saklamagy başarýan iki daragtyň aýry şahalarda şol bir miwäni getirmegi her bir döwürde- de halanylan zat- sungat bolupdyr. Şol ikisinden dörän gudratly güýjüň öňünde durup biljek başga bir zat bolmany sebäpli- de adamzat öz döreden gahrymanlaryndan döredilen sungat eserlerini asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirip, biziň bu günlerimize çenli saklap gelipdirler.

Leýli AKAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:10 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
небольшая облачность
Humidity 72 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ruhy gymmatlyklara sarpa

Next Story

Watan habarlary 22.10.2024

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop