Ak şäherimiz Aşgabat bilen bäsleşip oturan Arkadag şäheri bu günki gün ýurdumyzyň iň gözel şäherleriň mekanydygyny subut etdi. Çünki bu iki şäheriň giňemegi bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda at alan Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýar. Aşgabat Aziýanyň merjeni, gurjak paýtgat,gözel paýtagt.Dogrusy ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýan Arkadag şäheri hem Aşgabat bilen bäsleşip, Türkmenistanyň gözel goýnunda ýene-de bir göwher galy ýüzük kibi parlaýar. Şeýle ajaýyp üstünlikleriň aňyrsynda bolsa, şahajyklary şekillendirilipdir. Aşgabat bilimleriň ojagy ,häzirki günler bolsa, bilim ojaklarynd ageçirilýän dabaralryň mekany. Aşgabat Aziýanyň ýüregi hökmünde Binanyň esasy bölüminde paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini aňladýan açylan kitabyň görnüşi ýerleşdirilipdir.Munuň özi Aşgabadyň halky bilen bilikde Ýurdumyzyň ähli raýatlaryny buýsandyrýar. Aşgabadyň giň gujagy ala- ýaz, aýdym – saz, bu bolsa, bagtyýar halkymyzyň ruhy galkynyşynyň dowamydyr. Binanyň töweregi suw çüwdürimleriniň toplumy bilen gurşalypdyr. Suwuň ýokarlygyna çüwdürilýän şekilleri sazlaşykly hereketiň, durmuş ösüşiniň nyşanyny özünde jemleýär. Köpöwüşginli gül aýmançalary we ýaşyl meýdançalar, bezeg agaçlary bu ýeriň özüne çekijiligini artdyrýar hem-de aşgabatlylaryň öz şäherine alada we söýgi bilen garaýandygyny alamatlandyrýar. Ýurudmyzyň ýüregi buýsandyrýar.Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär. Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär.
Ak paýtagtymyzy Aşgabadyň sungat, medeniýet, edebiýat ojagy bolmagy bilen bu günki gün talyp ýaşlar şeýle buýsançly şäherde okap, öwrenip, öz geçmişimize sarpa goýmak üçin ellerinde baryny edip ylym, bilim öwrenýärler. Hormatly Prezidentimiiň taryhymyzy öwrenmekde halkymyzyň geçmişine goýýan gadryny bilmekde biz hem elimizden gelenini edip, öz taryhymyzda , topragymyzda bar bolan ýadygärliklere guwanç bilen gezelenç edip, hem-de onuň taryhyny içgin öwrenmäge çalyşýarys. Şeýlelikde paýtagtymyzň ajaýyp ýeri bolan Köpet dagynyň eteginde ýerleşýan Nusaý şalygy gadymy siwilizasiýalaryň mekany. Sungat ojagynda ýaşap, beýik medeniýetleri asyrlar boýy özünde göterip, häzirki günde taryhy eýýämi tutuş bir şäherden açmaga mümkinçilik tapylan Nusaý galasy Ak paýtagtymyz Aşgabadyň goýnunda ýerleşýär. Onuň taryhy gazuw- agtaryş işleri eýýäm nijeme ýyllar bäri dowam edip gelýär we şol geçilen ýyllar içinde öz meeniýeti, öz sungaty bilen dünýä alymlaryny haýran etdi.Ol taryhy tapyndylar beýlekilerden has tapawutlanýanlygy üçin gyzyklydyr. Olaryň biri bolsa, gadymy şirmaýydan edilen ritonlardyr. Adamzat taryhynyda uly bir baha mynasyp bolan ritonlar bu günki gün dünýä alymlary tarapyndan bilelikde öwrenilýär.Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda asyryň tapyndysy diýlip atlandyryldy. Elbetde Ritonlar bilen doldurylan tutuş bir otagyň üsti açyldy. Ritonlar şirmaýydan ýonulyp ýasalyp, olaryň käbirleri ýerleşdirilipir. Ritonlar kentawrlaryň, ýolbarsa çalymdaş grifonlaryň, aýallaryň we ş.m. keşbi bilen bezelipdir. Bezeg-haşamlarynyň kompozisiýalarynyň sýužet äheňi esasan grek mifologiýasy bilen baglanyşykly bolup, ýöne grek mifleriniň personažlaryna ýerli, Garagumda ýaşaýan aparn taýpasynyň serdary Arsak Partawy eýeläpdir. Bu ýerdäki selewk satrapy Andragor öldürilipdir. Şondan soň Arsak özüni garaşsyz Parfiýanyň hökümdary diýip yglan edipdir. Parfawnisada Arsakidler neberesiniň mülkleriniň administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan dokumentler bu galanyň adynyň Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ritonlaryň tapylan ýeri bolan Nusaý galasy dünýä meşhurlygy şol taryhy tapyndylaryň üsti bilen öwrendi.Köne Nusaýda demigazyk we günorta atlandyrylýan iki sany arhitektura toplumy bolupdyr. Weýran bolan demirgazyk toplumdan 1948-nji ýylda pil süňkünde (şirmaýydan) edilen meşhur ritonlar tapyldy. Günorta toplumda üç sany desgany – diň şekilli ymaraty, inedördül we tegelek zallary tapawutlandyrmak bolar. Köne hem-de Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende ajaýyp arhitektura, sungat ýadygärlikleri, keramiki gap-gaçlaryň böleklerine ýazylan hojalyk dokumentleriniň deň-taýy bolmadyk arhiwi ýüze çykaryldy. Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraň desga bolupdyr. Gaznalaryň jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluşly seýflere öwrülipdirler. Gaznadan altyn çaylan gündogar tipli söweşjeň altyn paltajyk, ikiýüzli gysga gamalar, demir sowudyň bölekleri ýaly şa ýaraglarynyň görnüşleri hem tapyldy. Şanyň baýramçylyk galkany-da ussatlarça taýýarlanyp, kaşaň bezelipdir.
Ak paýtagtymyzyň taryhynda yzlar goýan bu ajaýyp ýadygärlik bu günki gün dünýä jahankeşdeleriniň gelýän ýerleridir we bu ajaýyp taryhy zolagyň bolsa hemişe öwrenilmegi bu günki gün ýaş nesiller üçin wajypdyr. Çünki öz taryhymyzy, öz topragymyzyň taryhyny ýaş nesilleriň öwrenmegi geçmişe bolan sarpamyzy, buýsanjymyzy artdyrmaga uly mükinçilik berer.
Oguljemal ATAÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby