Türkmen atlay biziň ýüregimiziň seresi. Olaryň gözelligi hem-de çeýeligi ýurdumyzyň çar künjünden gelýän syýahatçylarydyr, bilim adamalryny gyzyklandyrýan , şeýle-de jahankeşdeleriň Türkmenistan diýlende ilkinji görmek isleýän zatlarynyň türkmen bedewidigi bellidir. Şol sebäpli-de türkmen bedewleriniň dünýä meşhurlygy şundan gelip çykýar. Türkmen halky bolsa, muňa guwanýar, buýsanýar.
Olaryň gözellikde, ýyndamlykda deňi- taýy ýokdur.Şeýlelikde olaryň bu günki gün dünýä meşhurlygy babatynda aýdyljak her bir sözde atlarymyzyň gözelligi, olaryň çepiksi göwresiniň guş ganatly bedewliklerini aňlatmasy bolsa häzirki döwürde dünýä ýaň salýan atly bedewlerimiziň gymmatyna düşünmekligiň ilkinji derejesidir. Bu bolsa, biziň ýurdumyzda gymmatlyklarymyza aýratyn nazar bilen garalmasy esasynda olaryň şanyna toýlanýan toýlaryň bolsa, bu günki güne çenli dowam etmegi hem-de gelejekki asyrlarda ýurdumyzdaky ösüşleri bedewleriň üstünde parlaýan ýaşyl tugumyzyň üsti bilen many birligini saklamagy bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletiniň ösüşlerinden söz açýandygy düşnüklidir. Taryha ýaň salan atly ýörüş elbetde birnäçe ýyllar geçse- de öz şöhradyny ýitirmez. Ahal- teke bedewlerini juda meşhur eden bu ýörüşiň taryhy hakda nijeme gazetlerde, nijeme döwletlerde ýazyldy. Şol sebäpli- de dünýäniň çar künjünde onuň meşhur ady dabaralanýar.
Munuň özi atly ýörüşiň türkmen taryhynda nähili wajyp bolandygynyň bir beýanydyr. Atşynaslar ahalteke bedewlerine örän ýeňil gopýan, hyjuwly, zähmete ukyply, bilesigeliji we örän paýhasly jandar hökmünde baha beripdirler.Bedewleriň gözelligine bagyşlanan baýramçylyklaryň geçirilmegi, olaryň dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekmekeleri, at çapyşyklarynda, ýaryşlarda göz görtele subut edilýär. Çünki gözlerinden nur çykýan tomaşaçylar türkmeniň ahal- teke bedewleriniň gözelligini synlap doýup bilmeýärler.
1935- nji ýylda geçirilen Aşgabat- Moskwa atly ýörişi ahalteke bedewleriniň adatdan daşary çydamlylygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şonda bedewlere atlanan türkmen çapyksuwarlarynyň 17- si 84 günüň dowamynda 4300 kilometr ýol geçdiler. Onuň 350 kilometri bolsa teşne ýatan Garagum sährasynyň üstünden geçdi.Dünýä taryhynda ilkinji orny eýelemek bilen bedewlerimiziň gözelligine , olaryň çeýeligine hem-de abrayna guwanmak bagty türkmen halkyna miýesser etdi.
Dünýäniň taryhyna ýaň salan bedew atlarynyň täsin hereketleri bu günki gün iň bir gözel şekilde ahal- teke bedewlerinde saklanýar we atlar biziň iň eziz jandarlarymyz hökmünde ýurdumyzda gaýry tutulýar. Onuň gymmaty başgaçadyr.
Özleriniň çalasyn hereketleri we ajaýyp, çeýe, ýyndam bedewleri bilen türkmen jigitleri sirkiň tomaşaçylaryna köp sanly şatlyk we tolgundyryjy pursatlary eçilýärler.
Türkmen halky öz bedew atlaryna guwanýar, buýsanýar we bu günki gün ýurdumyzda edilýän aladalar bedewlerimiziň waspyny etmekde we olary dünýä tanatmakda uly mmükinçilik berýär. Ýurdumyzda bedewlerimiziň baýramy bellenilýär. Ol baýramçylyklar bolsa, häzirki zaman adamzadyň guwanç hazynasy bolan bedewlerimiziň waspyny we abraýyny arşa göterýär. Bedewlerimiziň gözelligi , olaryň täsin äheňli , gözel görnüşli keşbi hem-de çarpaýa galanda dünýäni sarsdyrýan sesi , ählisi bileleşip, türkmen halkynyň gözel baýlygynyň ýene asyrlar boýy dowam etjekdigine mümkinçilik döredýär.
Intizar KULYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy