Türkmen alabaýy-halkymyzyñ buýsanjy

28.10.2024

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär.

Syraty, edermenligi, wepalylygy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýan alabaýlarymyz hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljekki nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip nygtap geçýär.

2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň şekiliniň saýlanyp alynmagy halkymyzyň alabaýyna bolan buýsanjyny, guwanjyny, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da artdyran waka boldy. Paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan «Türkmen alabaýy» atly heýkel uzaklardan seleňläp görünýär.
Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamyndaky synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdirler. «At – myrat», «It geldi, gut geldi», «Itim – gutum» diýen myrat we bagt bilen baglanyşykly pähimler türkmenleriň bedewlerinde myradyny, alabaý itlerinde bolsa bagtyny görendigini subut edýär. Çünki wepaly dosty we ynamdar syrdaşy hasaplap gelen bu ajaýyplygynyň gadymlygy, batyrlygy, duýgurlygy, edermenligi, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň örän wepalydygyny, ynamdardygyny subut edýän köp taryhy maglumatlar kitapda öz beýanyny tapýar we häzirki döwürde has-da ýaşlarda türkmen alabaýlaryna bolan söýgini artdyrýar. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançak we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlary salypdyrlar. Alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna öwrülen jandardyr.

Türkmen alabaýlaryny dünýäde uly meşhurlyga eýe eden, olaryň goralmagy, köpeldilmegi, milli gymmatlygymyz hökmünde nesillerden-nesillere dowamat-dowam bolmagy üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutumlary hemişe rowaç alsyn!

Türkmen alabaýynyň baýramy gutly bolsun, eziz ildeşler!

Batyr Döwranow
Türkmenistanyñ Döwlet
energetika institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:47 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ady dünýä dolan türkmen bedewi

Next Story

“Kowusnama” söz edebi barada

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop