Ermenistan Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp gördi

29.10.2024

Ermenistanyň wekiliýeti 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine baryp, türkmen taryhy bilen tanyşdy. Çäre Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda geçirildi.

«Men türkmen medeniýetine we onuň gurluşyna haýran galdym. Türkmen myhmansöýerligine haýran galdym. Kalbymyz şeýle ýyly we rahat, özümizi öýde ýaly duýýarys. Bu ýerde adamlar örän dostlukly, şeýle mähirli kabul edişleri üçin minnetdardyrys. Biziň köp umumy zatlarymyz bar, halklarymyzyň medeni taýdan we beýleki ugurlarda sazlaşygyny ýokary baha berýärin. Bu gysga wagtyň içinde siziň medeniýetiňizi görüp we tanap bildik, esasanam bu muzeý arkaly türkmen sungaty bilen ýakyndan tanyşdyk, gören zatlarymyz ömrümiziň ahyryna çenli ýadymyzda galar» diýip, Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary Daniýel Daniýelýan belledi.

Daşary ýurtly myhmanlar täsin eksponatlary görüp, asyrlarboýy kemala gelen däp-dessurlar bilen tanyşdylar, şeýle hem Türkmenistanyň we Ermenistanyň medeniýetleriniň özara baglanyşygyna üns berdiler, bu bolsa halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary nygtaýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:49 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 13°C
пасмурно
Humidity 67 %
Pressure 1025 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Akguşyň ýeňşi: Ýylyň Alabaýy kesgitlenilýär

Next Story

Arkadag şäheri – gözellik mekany

Soňkylar Habar

GitTop