Gözellik terbiýesi

01.11.2024

Watan gözelliginden, yşgyň gözelliginden, sungat gözelliginden hem-de ynsan häsiýetiniň gözelliginden söz açarys. Aňyrsy-bärsi aňýetmez umman bilen lälezar Garagum aralygynda gül-gülzarlyga öwrülip ýaýylyp gidýän, taryhy giňişligi öz içine alýan buýsançly döwlet -biziň Türkmenistan diýarymyzdyr.

Türkmenistan diýary gözelligiň gujagynda ýerleşip, beýik medeniýetli gadym şäherleriň lälezarlygyny hem öz içine alýar. Taryhy nazarýetden başlap,şu günki günüň iň gözel aýnasy bolan mermer şäherlerimiz, terbiýeçiler, mugallymlar ýa- da ene- atalar. Bu iş juda jogapkärli iş.

Terbiýe meselesinde körpeleri terbiýelemek we olaryň sagdyn durmuşa, gelejegi ýaramly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bolsa, terbiýeçileriň gönden- göni borjydyr. Terbiýeçi mugallymyň häsiýetini hem hat- da çagalar ýazyp alýarlar. Olaryň beýnisinde ýerleşýän ýazgy ilkinji nobatda hereketi- göze görnüp duran hereket düzgünlerini kabul edýär. Terbiýeçi mugallymlar üçin ýörite ýola goýulan metodiki otaglarda çagalary terbiýelemegiň syrlaryny içgin öwrenmek üçin ýörite kitaplardyr, gollanmalar goýulýar. Şol gollanmalarda çagalar bilen sport çärelerini geçirilen wagtynda syrly göçümleri,olaryň hereketleriniň akyl bilen amala aşyrmaly tilsimleri, şeýle- de sportyň inçe tärlerini ele almak üçin gollanmalar ulanylýar.

Bilim bilen birlikde ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn bolmagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler diňe bir ýokary okuw jaýlarynda däl, eýsem mekdeplerde körpe nesli hem gurşap alýar. Çünki akyl sagdynlygy bilen birlikde beden sagdynlygyna hem uly üns bermek bilim ulgamynda iň esasy öňe tutulýan wajyp zatlaryň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen ýurdumyzda sporta hem- de sagdynlyga uly üns berilýär.
Ýurdumyzda her ýylyň bir aýyndan başga- da sporta yzygiderli gatnaşmak çäreleri şeýle-de ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerine utgaşdyryp, sport meýdançalarynda ýaryşlaryň geçirilmegi bolsa, bizi buýsandyrýar. Ýaş nesliň bilim almak bilen birlikde sporta bolan höwesini artdyrmak hem- de ýöriteleşdirlen sport ugry boýunça bilim berilmegini gazanylmaklyk, sport bilen bagly ýörite ýokary okuw jaýlarynyň hem- de orta okuw jaýlarynyň bolmagy bu günki gün bilim ulgamy boýunça ýurdumyzda edilýän işleriň has-da artmagyna getirdi. Jemgyýetimizde sagdyn endikleri ösdürmäge esaslanýan syýasat halkymyzda sagdyn durmuşda ýaşamaga uly höwes döredýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ýaşlarymyzyň sanyny artdyrýar, türgenlerimizi bolsa täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýe – sagaldyş hereketini we sportuň ýokary gazananlaryny ösdürmek, milletiň saglygynyň berkidilmegini üpjün edýän ähli zerur şertleri döretmek, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaş nesilleri kemala getirmek bilen baglanşykly meseleler ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Mundan başga-da medeni çäreleriň hem özboluşlylygy baýramçylyk dabaralarynda diňe bir sagdyn beden däl, eýsem sagdyn ruhly halkymyza daýanç bolýar. Bilim ulgamynyň üstünlikleri ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça, medeniýetde hem, köpçülikleýin dabarlarda hem, häzirki wagtda bolsa, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyklarda hem üstünlikli alnyp barylýar. Türkmeniň şöhratly geçmiş taryhyna dahylly gyzykly maglumatlar, Türkmeniň ruhy medeniýetini açyp görkezýän däp – dessurlar, türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi ýaşlarda uly gyzyklanma, bilesigelijilik döredýär.

Elbetde medeniýet bilen sportyň birlikdäki güýji aýrylmaz baglanşyklydyr. Sagdyn beden hem-de sagdyn ruhly halkymyzyň üstünlikli hem- de bagtyýar durmuşynyň waspçysy hökmünde hem medeniýet işgärleriniň hem- de ýurdumyzyň sport abraýyny goraýan edýän işleri bilen gönüden- göni baglydyr. Gollanmalarda terbiýeçileriň hem- de mugallymlaryň ýörite öz aýratyn sapaklary üçin hem giňişleýin açyp görkezýän çagalara çemeleşmegiň inçe syrlary açylyp görkezilýär. Çagalary sagdyn terbiýelemegiň usullary bolsa, elbetde ol ilkinji nobatda netijesini görkezmäge başlanynda hereketleriň, maşklaryň üsti bilen ýerine ýetirilmesi bolsa, herekete täsin pikir bilen ünsli seredýän çagalarda öz täsirini goýýar. Şol sebäpli- de ilkinji nobatda oňurganyň gelejekde berjek peýdasy, şeýle- de oýunjaklardyr, maşk üçin ýörite serişdelere oýun halatynda dürli hili ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna garamazdan howpsyzlygy elden bermezlik- bu zatlaryň ählisi okuw gollanmasynda beýan edilýär. Şo sebäpli- de metodiki otagyň gapysy hemişe açyk goýulmalydyr.

Terbiýe meselesinde çagalary ugrukdyrmak üçin şol çaga degişli bolan ene- ata, mekdep, çagalar bagynyň terbiýeçileri, çaga degişli bolan ähli adamlar jogapkärlidirler. Çünki çaga terbiýesinde gelejegi terbiýelemek, gelejegiň ýagty günlerinde ýaşajak we uly nesle öz täsirini ýetirjek çagalary terbiýeleýändiklerine düşünmekleri ilkinji nobatda zerurlykdyr. Gözellik hakynda söz açsaň,ilki bilen watan ýaýlalarynyň gözelligi göz öňüňe gelýär.Biziň watanymyz gözellik ojagy,gözellik.Hala egin-eşik gözelligi bolsun,hala içki gözellik,hala sungat gözelligi,umuman gözellik hakda gürrüň edileninde hemişe türkmen dünýäsiniň gözelliginden söz açylanynda başgaça bolýar we gözelligiň içinden eriş-argaç bolup geçýän mukamlara beslenen jaýlar,binalar,olaryň içinde ýaşaýan,bagtly ýaşaýan ynsanlar Türkmen baýdagyny wasp edýän belent heňli aýdymlary aýdýan ýrdumyzyň ýaşaýjylarydyr.

Halkymyzy bagtyýarlygyň bossanynda ýaşadýan Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bolsa, edilýän işler bimöçberdir. Bilim bilen jemgyýetiň arasynyň ýakyn bolmagy esasynda durmuş tejribeleriniň has- da artmagy üçin edilýän işler bimöçberdir. Bu bolsa, ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça alnyp barylýan sowatly edip bilim bermekde edýän işleri bilen gönüden- göni baglydyr. Gollanmalarda terbiýeçileriň hem- de mugallymlaryň ýörite öz aýratyn sapaklary üçin hem giňişleýin açyp görkezýän çagalara çemeleşmegiň inçe syrlary ýerine ýetirilmesi bolsa, herekete täsin pikir bilen ünsli seredýän çagalarda öz täsirini goýýar. Şol sebäpli- de ilkinji nobatda terbiýeçiniň terbiýeli bolmagy gerekdir.

Çagalaryň şähdiaçyklygyny saklamak, olaryň hereket edýän wagtlary akyl bilen iş salyşmaklaryny gazanmak, dogry saklanan oňurganyň gelejekde berjek peýdasy, şeýle- de oýunjaklardyr, maşk üçin ýörite serişdelere oýun halatynda dürli hili ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna garamazdan howpsyzlygy elden bermezlik terbiýeçiniň roly ulydyr. Terbiýeçiler, mugallym bilen birlikde hereket edýän ene- atalaryň birlikdäki işi bolsa, terbiýe meselesinde iň uly wezipäni özünde saklaýar. Terbiýeçiniň, mugallymyň işi sagdyn pikirli, sagdyn jemgyýetiň admasyny kemala getirmek bilen çözgüt tapýar. Terbiýe meselesinde çagalary ugrukdyrmak üçin şol çaga degişli bolan ene- ata, mekdep, çagalar bagynyň terbiýeçileri, çaga degişli bolan ähli adamlar jogapkärlidirler.

Çünki çaga terbiýesinde gelejegi terbiýelemek, gelejegiň ýagty günlerinde ýaşajak we uly nesle öz täsirini ýetirjek çagalary terbiýeleýändiklerine düşünmekleri ilkinji nobatda zerurlykdyr. Cagalary gözelligiň içinde terbiýelemek biziň iň ýokary şygarymyzdyr. Çünki watan söýgisi, ene- ata söýgüsi, tebigat söýgüsi gözellige degişlidir. Bu söýgüleri ynsanyň gursagynda şineletmek bolsa, döredijilik işgärlerine degişlidir.

Güljahan AMANBERDIÝEWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:37 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 76 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 9%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Watan habarlary 01.11.2024

Next Story

Ähmiýet

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop