Ähmiýet

01.11.2024

Sport türkmen halky üçin hiç wagt hem geň zat däldir, çünki ata- baba türkmen göreşinden başlap, çagalaryň oýnaýan, çilik,bäşdaş, depme, aşyk ýaly oýunlary hem sportyň bir görnüşi hökmünde gündogarda ýüze çykandyr we muňa gönüden göni küşt oýny hem degişlidir. Şol sebäpli-de ýurdumyzda sporta uly üns bermek we halkara ýaryşlarda çykyş etmek türkmen türgneleri üçin indi Garaşsyzlyk ýyllarynda asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Milli Liderimiz tarapyndan kabul edilen döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen belent wezipelere laýyklykda, bilim ulgamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we tehniki enjamlary yzygiderli ornaşdyrmak üstünlikli alnyp barylýar.Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ak ýollaryndan, sagdynlygyň ýolundan ýöräp, batly gadamlar bilen öňe gitmek we şol esasda gelejegiň sagdyn durmuş şertlerine kiçijigem bolsa, öz goşandyňy goşmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Her bir raýat özünden ýaşy kiçi we özünden ukyby pes adamyň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmagynda aýratyn aladaly bolmaga borçludyr. Sebäbi umumy jemgyýetiň süňňüni düzýän sagdyn adamlar, sagdyn jemgyýetiň esasy güýji bolan işewirler topary bu meselede ilkinji ädim ädýänleriň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň görkezen ak ýolundan ýöräp barýan halkymyzyň uludan-kiçä ähli taraplaýyn sagdyn bolmagy üçin edilýän aladalar, olaryň bahasyz durmuşy ähmiýeti bu gün sanap gutarar ýaly däl. Tölegsiz sport meýdançalarydyr, suw basseýinleri, şeýle-de saglyk ýollary, çagalar üçin suw toplumlary- bularyň özi sagdyn jemgyýetiň esasy özeni bolan gelejekki nesil hem-de şu günki jemgyýeti esasy dolandyrýan işewir adamlardyr.Ýokarda agzalan mysallardan çen tutup, ilkinji nobatda belläp geçmeli zat, , ikinjiden ol gönüden göni adamyň içki organlarynyň kadasyzlaşmagyna getirýär. Şeýlelikde bolsa, adam gündelik iş tertibiniň bozulyşyny gazanmak bilen ömrüniň gysgalýandygyndan habarsyz galýar. Ömrüň uzynlygy onuň aýawly saklanşy bilen örän ýokary derejede hem iterýän ilkinji sebäpleriň biridir. Her bir adamyň ruhy ahwallary bilen gönüden göni baglanşyklydyr. Türkmen beýik ruhy dünýäsi bilen, özüniň medeniýeti, edep-ekramydyr, dünýägaraýşy bilen, edebiýatydyr, dessanlary, aýdym-sazydyr, kämil ahlaklylygy bilen dünýäni aňk eden halklaryň biridigini subut etdi. Ine, şeýle beýik ruhuň üstünliklere ýetirýändigini bu günki günüň döwrebap adamlarynyň ählisi bilýär. Şeýle üstünliklere ýönekeý ýetilenok. Edebiň ahwaly ynsan öz durmuşyňy şadyýan gurnamagy başarmak ol özüne erk edip bilýän şahsyýetiň başarnygy durmuş ukyplaryna bagly bolup durýan zatlaryň biri hem adamyň halak taýdan arassa hem-de sowatly bolmagy ilkinji meseleleriň biri bolup durýar.

Dünýäniň ösen tehniki serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan bilim ojagymyzda ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, sport türgenleşikleriniň ylmy taýdan gurnalmagyna ýokary mümkinçilikler döredilýär. Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetinde ýerleşýän ylmy barlag merkezinde Bod-pod-bedeniň düzümini barlayjy ulgamlaýyn enjam, bedeniň aerob we anaerob mümkinçiligini ölçeýän metabolograf enjamy, bedeniň esasy oklaryny we duruş ýagdaýlaryny kesgitleýän 3 D seljeriji enjam, türgenleriň ýüklenmede we rahat ýagdaýynda kislorody we kömürturşy gazyny ölçeýän K-5 enjamy, dag şertlerini döredýän otaglaryň bolmagy halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda netijeli çykyş etjek türgenleri taýýarlamakda ýokary mümkinçilikleri döredýär. Türgenleriň türgenleşik sapaklaryndan soňra bedenlerini dikeltmek üçin dikeldiş otaglarynyň bolmagy ýokary derejeli türgenleri taýýarlamakda uly ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz hem ýaşlara uly ynam bildirýär. Şol ynamyny ödemek üçin edilýän işleriň sany- sajagy ýok. Ynamly gadamlar bilen öňe barýan ýaşlary hyjuwly döredijilik üstünliklerine atarýan mähriban we Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize diňe üstünlikler hemra bolup, bize bildirýän ynamyna hem- de döredip berýän mümkinçiligine sag bolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlar hemişe okamak, öwrenmek, gurmak üçin elimizden gelenini aýaman, üstünlikli zähmet çekip, gelejege, öz ýurdumyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmek üçin çalyşýarys.Munuň özi öz halkymyzyň geçmiş taryhyndaky taryhy oýunlarymyzy hem düýpli öwrenmäge bu günki gün mümkinçilikleriň giňden açylýandygynyň subutnamasydyr.

Tirkeşbaý Baýramkuliýew
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:48 am, Nov 22, 2024
temperature icon 7°C
ясно
Humidity 100 %
Pressure 1020 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Gözellik terbiýesi

Next Story

EKO- gaplama medeniýeti

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop