EKO- gaplama medeniýeti

01.11.2024

Ýurdumyzda ekologiýa meselesine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzy ekologiýa şertlerine laýyk topraklarda ýaşatmak hem-de gelejekki nesilleriň sagdyn ösmegi üçin “Döwlet- adam üçindir” şygary öňe sürmesi bu günki gün ekologiýa meselesinde –de ýokary dereje gazanmaga mümkinçilikleriň barydgyny subut edýär. Dünýäniň ýüzünde ekologiýa bilen bagly bolup geçýän hadysalar bilen birlikde onuň gelejekki ýaşaýyş üçin nä derejede zerur meseledigi birnäçe wagt bäri subut edilip gelinýär.

Dogurdan hem gaplama medeniýetiniň mysallaryna taryhyň üsti bilen birnäçe gezek ýüzlenip bileris. Emma şu güne çenli gaplama medeniýetiniň ýüze çykmagy bilen asyrlar aşyp gelmesi- bu ýerde maksada tarap okgunly gelýän ösüşleriň üstünligini ýüz çykarypdyr. Mysal üçin b.e.öň I-nji asyrlarda aýna gapdan edilen gaplamalar Wawilonda ýüze çykypdyr.

Eýýäm olaryň ýüzüne harydyň nämedigi, düzümi we onuň möhleti, bejeriş ukyby, onuň haryt nyşanlylygyny aňladýan şekilleriň ýazylyp başlamagy bu gaplama medeniýetiniň has irki döwürlerde hem gabat gelýändigini, umuman aýdanyňda gaplama medeniýetiniň adamzat taryhy bilen şu günki güne çenli getirilendigini, onuň esasynda zerurlygyň, şertiň hem- de ägirt uly medeniýetiň ýatandygyny habar berýär.
Gaplamanyň dürli görnüşleri bar, we gaplary ulanmak bilen soňra onuň barýan soňky nokadyna esewan etmek bu günki gün adamzadyň iň uly meseleleriniň biridir. Adamzat taryhynda “ Gaplama medeniýetiniň” has başgaça ösüp başlamagy bilen birlikde oňa bolan garaýyşlar, ol baradaky özgertmeler has özbaşdaklaşyp başlady.

1890-njy ýyllarda eýýäm bu ugur boýunça edilen işleriň täze ýüz tapmasy bilen şu güne çenli gözleg esasynda ýüze çykan çeper bezegler bilen utgaşmasy, satyjynyň haryt nyşanyny has doly hem bezegli ýagdaýda öňe çykarmak, marketologlaryň taýýarlanmagy EKO meselesinde täzeden gaýdyp gelmegimizdir.

Ilkinji gezek Uilýam Gudeýl tarapyndan patentli kraft kagyzlary çykarylmaga başlaýar, şonuň esasynda hem 20 asyryň ahyrlarynda kraft kagyzlaryna bolan ilseg täze önümleriň, ýagny dökülýän, pytraýan önümleriň gaplanmagy üçin örän amatly bolmaga başlaýar, un we beýleki däneli önümler, şeýle-de islendik önümiň zaýalanmazlygy, ýagny hünärmeniň aýdyşy ýaly, öz tebigylygyny ýitirmezligine kömek edýär.

Şeýlelikde durmuş – ykdysady şertlerde täze bir asyra gadam basmak bilen, önümçilikdäki önümleriň hem ykbalyna öz täsirini ýetirýän kraft kagyzlary häzirki zaman EKOLOGIÝA ýagdaýlarynyň hem çözgüdi bolmak bilen günümiziň iň wajyp- GAPLAMADA EKO MEDENIÝETINIŇ ÇÖZGÜDINI emele getirýär.

Biziň ýurdumyzda hem gaplamalar, miwe , azyk önümleriniň ekologik arassalygy özünde jemleýän gaplar bilen gaplanmagy bu biziň ekologiýa berýän ünsümiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda nähili artandygyny subut edýär.

Öwezgeldi AMANGELDIÝEW
Türkmen Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:25 pm, Nov 22, 2024
temperature icon 14°C
небольшая облачность
Humidity 72 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Ähmiýet

Next Story

Bagtyýar raýatlar

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop