Garaşsyzlygyň miwesi

04.11.2024

Dünýä edebiýatyna girmek üçin, onuň bir sahypasynda galmak, bir jümlesinde ýer almak hem- de dünýä derejesinde öz eliňdäki senediň wekili hökmünde tanalmak elbetde ol her kese ýetirenok. Çünki onuň üçin zehin bilen birlikde sabyr hem- de ýörelge, işeňňirlik hem- de çykadmlylyk, dünýäniň köp zatlaryndan geçip, diňe içki dünýäňe gaplanyp sungat döretmek- ine, şertleri şeýledir.

Dünýä edebiýatynyň wekili Alyşir Nowaýynyň döredijiliginde şeýle hormatyň barlygy bolsa, bu günki gün edebiýetda öz beýanyny tapýar. Döredijiligi bilen bu günki gün diňe bir Orta Aziýada däl- de eýsem, dünýä edebiýatynda ýer alan şahsyýet hökmünde tanalýar. Nowaýy diňe bir edebiýat bilen gyzyklanman, eýsem ol lukmançylyk ylmy, astronomiýa, döredijilik bilen hem , ot- çöpler bilen hem gyzyklanan şahyrdyr. Onuň döredijiliginde iň uly ýer alan eser bolsa “Şirin- Prehat” dessan- poemasydyr.

Alyşiriň çagalygy dürli köşk agdarylyşyklarynyň bolup geçýän, tagt, häkimiýet üçin göreş alnyp barylýan döwre gabat gelýär. 1447-nji ýylda Horasanyň patyşasy Teýmirleňiň ogly Şahruh ölensoň, tagt üstünde uruşlar, dawa başlanýar. Alyşiriň kakasy Kyýasetdin hem maşgalasyny alyp, Eýranyň Yrak diýen welaýatynyň Taft diýen şäherine göçýär.1452-nji ýylda Abulkasym Babur Hyrady alyp, şa bolandan soň Nowaýynyň kakasy Kyýasetdin öz maşgalasy bilen Hyrada gaýdyp gelýär. Alyşir Hyratda okuwyny dowam etdirýär. Şahyryň heýkeli häzikri döwürde Paýtagtymyz Aşgabadyň “Ylham” seýilgähinde oturdylyp, ol iň bir gelim- gidimli ýerleriň biridir. Munuň özi şahyryň dünýä edebiýatynda adynyň ebedileşmeginde ýene bir mysalydyr.

Dünýä edebiýatynda her şahyryň tutýan orny barada gürrüň edilende, onda Firdöwsi umumadamzat taryhyny eýran halkynyň taryhy bilen utgaşdyryp beýan eden beýik şahyr, Nyzamy bolsa, Gündogaryň dünýewi edebiýatynyň şamçyrag göterijisi, ýol görkezijisi hökmünde göz öňünde janlanýar. Şu jähtden seredeniňde, Nowaýynyň eserleri, onuň döredijiligi türki halklar üçin beýik nusga bolup durýar.

Sebäbi ol türki dilinde ajaýyp, gumanistik ruhly eserleri döredip, türki diliniň edebi dil hökmünde doly hukugynyň bardygyny diňe bir amaly taýdan subut etmek bilen çäk lenmän, ömrüniň ahyrynda özüni tolgundyrýan bu meselä ýene-de gaýdyp gelip, eseri arkaly türki diliniň hiç bir dilden pes oturmaýandygyny ylmy taýdan esaslandyran ilkinji alymdyr. Türkmen edebiýatynyň özakymly beýik pelsepeli ugry dünýe döräli bäri gündogar edebiýatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şol sebäpden hem edebiýatyň hem-de döredijiligiň dünýäniň halklarynyň dostana birligini gazanmak üçin edilen işlerde netijeliligini artdyrýar. Bu bolsa, türkmen halkynyň edebiýata we sungata goýýan bahasynyň gymmatynyň derejesini ýüze çykarýar.

Erkin BERDIÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:28 am, Nov 22, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 76 %
Pressure 1020 mb
Wind 9 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 7%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:54 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Gelejek ýaşlaryňky

Next Story

Watan habarlary 04.11.2024

Soňkylar Makalalar

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,

Energetika ulgamy

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Azyk senagaty

21.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolan önümleriň hilini ýokarlandyrmaklyga uly üns
GitTop