Beýik şahyr

04.11.2024

Türkmen edebiýatynyň wekili asyrlar boýy öwrenilse-de häzire çenli poeziýasy jedelli we gyzykly şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz guwanjydyr, buýsanjydyr. Her bir halkyň milli ruhynyň hazynasynyň açary, onuň dilinde, edebiýatynda, däp- dessurynda, dünýägaraýşynda we geýim-gejimindedir. Aslynda adamzat taryhynda diliň täsiri,onuň belli bir halky kemala getirmekdäki orny, onuň şol halkyň ruhy medeniýetini nesillere geçirmekdäki güýji diýseň ýokarydyr. Türkmeniň milli şahyry, filosofi we beýik akyldary Magtymguly Pyragy (1780-1733) takmynan 150 ýyl bäri dünýäniň alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Onuň goşgulary hem öz şahsyýetiniň dürli taraplary belli derejede öwrenildi hem-de dürli garaýyşlar bilen oňa baha berildi. Onuň goşgularynyň gaty köptaraplylygyny göz öňünde tutmak bilen, gündogary öwreniji Bertels Pyragynyň diwanyny tutuş dünýäni özünde görkezýän, ertekilerdäki Jemşidiň jamyna meňzetdi. Her bir halkyň milli ruhynyň hazynasynyň açary, onuň dilinde, edebiýatynda, däp- dessurynda, dünýägaraýşynda we geýim-gejimindedir. Aslynda adamzat taryhynda diliň täsiri,onuň belli bir halky kemala getirmekdäki orny, onuň şol halkyň ruhy medeniýetini nesillere geçirmekdäki güýji diýseň ýokarydyr. Türkmeniň milli şahyry, filosofi we beýik akyldary Magtymguly Pyragy takmynan 150 ýyl bäri dünýäniň alymlaryň ünsüni çekip gelýär. Onuň goşgulary hem öz şahsyýetiniň dürli taraplary belli derejede öwrenildi hem-de dürli garaýyşlar bilen oňa baha berildi. Onuň goşgularynyň gaty köptaraplylygyny göz öňünde tutmak bilen, gündogary öwreniji Bertels Pyragynyň diwanyny tutuş dünýäni özünde görkezýän, ertekilerdäki Jemşidiň jamyna meňzetdi.

Magtymgulynyň içki dünýäsini öwrenmek örän uly hem yzygiderli işi talap edýär.Her bir halkyň diliniň taryhynyň aýratyn öwrenilmesi- de hut şu sebäpli amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä , adamzat gymmatlyklarynyň açarydyr. Çünki ol älemiň iň näzik şekilde poeziýadaşöhlelenmesini gazanypdyr we bu deňsiz- taýsyz aýdyp bilmesi bilen şu günki gün iň bir syrly şahyr hem- de şahsyýet hökmünde biziň öňümizde açylýar. Iogann Gýetanyň bir sözi bar: “Adamlaryň durmuşynda bolup geçýän ýaramaz hadysalar, olaryň öz maksatlaryna düşünmeýändikleri üçin bolýar, köplenç” ine , şu nukdaýnazardan seredeniňde, Magtymgulynyň dünýäsi adamzadyň özüne düşünmegi maksat edinenlerine ýol- ýörelge diýip, aýdyp boljak.

Magtymgulynyň şygyrlaryny, onuň ruhy ahwalatyny daglara meňzedýärler. Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijilik aýratynlygy hem onuň ägirtligindedir. Magtymguly Pyragy asyrlar boýy iň köp söýlüp okalýan eserleri bilen bizi haýrana galdyrdy. Onuň dünýäsi gojaman daglara meňzeşdir.Daglar gudratyň mekany. Ol ýerde çeşmeler hem çaýlar hem dereler hem , güller hem, asmanda bulutlr hem öz dilinde saýraýar.Şu pursatda şahyryň “Pyragyny gören daglar “ diýen şygry seriň gelýär. Onuň poeziýasy, şygryýeti älemiň ähli barlygyna galtaşýar. Ol bir görseň, ýyldyzlar bilen, bir görseň, pyntyklar bilen, bir görseň, dünýäniň suwlaryny ölçäp oturandyr, bir görseň aýyň ýagtylygyň tizliginden habardardyr.Halkyň ösen ruhy germewini kemala getirmek üçin şol halkyň wekilleri, şol halkyň döwleti nesillerini okadýar, medeniýetini öwredýär, ony esasan hem dil medeniýetiniň üsti bilen kemala getirýär. Elbetde, halkyň ösen medeniýetini gazanmak bir başga, onuň taryhyny ýygnamak, ony gelejege äkitmek sungaty welin düýbünden başga zat. Şonuň üçin hem paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň döwlet arhiwiniň bosagasyndan baryp her bir adam öz medeniýetiniň hem-de sungatynyň geçmişi bilen tanyşmak islese, ýene-de bu işi öz ene diliniň üsti bilen amala aşyrýar.
Geçmiş nusgawy edebiýatymyza, onuň örän uly hazynasyna ser salmazdan öňürti, Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün Gahryman Arkadagymyz hem-de Hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek. Türkmeniň ösen medeniýetiniň, diliniň hem-de nusgawy hazynasynyň keşdeli köňlüni öwrenmek elbetde, edebiýatçylaryň paýyna düşýär. Emma onuň manylaryny ýerbe-ýer ulanmak üçin ussatlygyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.
Häzirki döwürde biziň gündelik dilimizi Täze Galkynyşlar zamanamyzyň dilçileri ürç edip öwrenýärler. Öz ene diliňi, onuň basymlaryna hem-de ümlüklerine çenli inçeden-inçe öwrenmek ýaly sogap iş, megerem, ýok bolsa gerek.
Magtymguly özüne “sözlär tili türkmeniň”diýýän bolsa, onda söz birligini Magtymguly ýäly beýik ägirdiniň döredijiliginde şöhlelendirýän halkyň beýikdigini ýene bir gezek nygtamaga ygtyýarymyz ýeter diýip pikir edýäris.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy hakynda söz açmak diýmek, türkmen halkynyň diliniň köpdürliliginden söz açmak diýmekdir.Türkmen halkynyň sözleýiş medeniýetiniň, onuň taryhynyň çeşmeleri, gelip çykyşy we dünýäniň dillerinden şahalanyp aýrylyşy hakda gürrüň açylanda türkmen diliniň iň gadymy dilleriň biridir diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.

Magtymguly Pyragynyň dil aýratynlygynyň gözelligi we onuň düregeýligi barada dünýä alymlarynyň aýdanlaryny we olaryň içki syzgysynda sözleri şelaýyn galyba salmak, onuň akyl- düşünjesindäki sungat eseriniň şekile gelmegindäki ussatlygyny diňe türkmen diliniň baýlygy bilen amala aşyryp bolar diýen pikir-düşünje häli-häzire çenli bizi öz erkine goýmaýar.

Magtymgulynyň içki dünýäsini öwrenmek örän uly hem yzygiderli işi talap edýär.Her bir halkyň diliniň taryhynyň aýratyn öwrenilmesi- de hut şu sebäpli amala aşyrylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä , adamzat gymmatlyklarynyň açarydyr. Çünki ol älemiň iň näzik şekilde poeziýadaşöhlelenmesini gazanypdyr we bu deňsiz- taýsyz aýdyp bilmesi bilen şu günki gün iň bir syrly şahyr hem- de şahsyýet hökmünde biziň öňümizde açylýar. Biz bolsa, türkmen ýaşlaryny Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly Magtymgulynyň ruhunda terbiýelemek üçin elimizden geleni aýamaýarys. Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi esasynda geçirilýän çärelere hemişe işeňňir gatnaşmak biziň buýsançly borjumyzdyr.

Ogulbossan Allamyradowa
Myrat Garryýew adyndaky
TDLU-niň Gistologiýa embriologiýa we sitologiýa
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:45 am, Nov 6, 2024
temperature icon 9°C
пасмурно
Humidity 59 %
Pressure 1033 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 4 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:37 am
Sunset Sunset: 6:02 pm
Öňki taryh

Mask Twitter-iň öňki baş direktorynyň işden çykarylmagy baradaky jedellerde kazyýetde ýeňildi

Next Story

Nusgalyk şäher

Soňkylar Makalalar

Özgeriş

05.11.2024
Sanly ykdysadyýet adamyň gündelik harytlary sarp etmeginde we olara zerurlyklary düşündirmekde işler alyp barýar. Edara kärhanalaryň resminamalarynyň sanly ulgama geçmegi nähili ýeňillikleri we oňaýlylyklary

Döwrebap döwüriň ýaňy

04.11.2024
Häzirki döwürde dünýä tehnologiýasynda üstünlikleriň amala aşyrylmagy bolsa, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmakda innowasiýalaryň täsirini görkezmäge mümkinçilik döredýär. Ykdysady bababatda hem edilýän işler nusgalykdyr. Türkmenistanda täze

Ýollaryň ýagtysy- Serdar ýoludyr

04.11.2024
Türkmen diýarymyzda her gün baýramçylyklar öz gözelligini hem-de dabarasyny saklap gelýär we noýabr aýynyň başy hem şatlykly, dabaraly günlere , baýramlara beslendi. Çünki sport

Garaşsyzlygyň miwesi

04.11.2024
Dünýä edebiýatyna girmek üçin, onuň bir sahypasynda galmak, bir jümlesinde ýer almak hem- de dünýä derejesinde öz eliňdäki senediň wekili hökmünde tanalmak elbetde ol

Gelejek ýaşlaryňky

04.11.2024
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ylhamly ýaşlaryň ruhybelentliklerine giň mümkinçilik açmagy biziň ata- baba ýörelgämizdigini ýene bir gezek tassyklady. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň öňe
GitTop