Türkmen diýarymyzda her gün baýramçylyklar öz gözelligini hem-de dabarasyny saklap gelýär we noýabr aýynyň başy hem şatlykly, dabaraly günlere , baýramlara beslendi. Çünki sport bilen baglanşykly baýramlaryň aslynda dabara hem-de sagdyn beden, sagdyn ruhly halkyň ýürek damarynda watan diýip urýan ýürek ýatyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her gün dabaraly ýaşaýan türkmen raýatlaryna Serdar ýolunyň dikeldilip ulanylmaga berilmegi noýabryň ilkinji şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Biziň halkymyz sagdyn ruhly halk. Şol sebäpli-de bedenterbiýe we sport ugry boýunça halkyň ruhy galkynyşy eýýäm birnäçe ýyllar bäri sport ulgamynda ýokary derejeler gazanylmagyna mynasypdyr. Beden terbiýesiniň we sportyň mekdebe çenli ýaşly çagalardan başlap, uly ýaşly raýatlara çenli wajyplygy bolsa, bizi buýsandyrýar. Çünki Serdar ýolunyň üsti bilen birnäçe menzilleri piýada geçmek hem-de tebigata syn etmek däpleriniň ýola goýulmagy bu ajaýyp güýz howasyny bezeýär. Şonuň üçin ähmiýeti we bedenterbiýe mugallymynyň olaryň beden hem- de ruhy ösüşlerini kemala getirmekde tutýan orny.Beden saglygy ruhy baýlygyň esasy bölegi bolup, ol esasan mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň bedeniniň terbiýelenmegi üçin esasy meseleleriň biridir. Mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň beden terbiýesiniň wajyplygyna mugallymyň düşünmegi we şol geçilýän sapakda yzygiderliligi saklamak hem- de sapaga berlen wagty beden terbiýesi üçin sarp etmek esasy ene- atalaryň hem- de çagalar bagynda körpelere terbiýe berýän terbiýeçileriň işidir. Şeýle-de ýaşlaryň bu ugur bilen gyzyklanmasy türkmen sportunyň gelejeginde ýurdumyza , watanymyza abraý getirjek türgenleriň ýüze çykmasy bolsa, görülip- eşidilmedik derejede ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwürde saglyk ýolunyň Serdar ýoly diýip atlandyrylmagy bolsa, biz ýaşlaryň başyny has-da buýsanç bilen ýokary götermäge mümkinçilikler döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkdagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglyk maksatnamalyrnda öz gujur- gaýratlary bilen Serdar ýolunyň müňlerçe kilometrlik üstünligine çykmalaryny saglamak üçin gaýtadan dikeldilen birnäçe görnüşlerini halkymyza peşgeş berdi, munuň özi bolsa halk barada edilýän aladalaryň nyşanydyr. Ýokary okuw jaýlarynda çagalar üçin bedenterbiýe sapagynyň geçirilmegine mugallymyň täsiri, çagalaryň esasan şähdiaçyk bolmagyny gazanmak beden terbiýesine goýulýan uly sarpadan nyşandyr.Çagalary , ýagny okuw ýaşyna beden terbiýä hem- de maşyk etdirmäge höwesli seretmek üçin ilki bilen pedagogyň esasy ugurlary saýlap almagy, ýagny şu ugur boýunça inçe tilsimleri ele almagy, çagalaryň özüňe ynamyny gazanmagy esasy borç bolup durýar.
Her bir türgeniň özboluşly aýratynlygy edil sportyň görnüşleriniň aýratyn bolşy ýaly ýaryş meýdançasynda ýüze çykanynda ol adamalryň ünsüni özüne jemlemek hem- de şol ýerdäki ýagdaýy täsirli etmek üçin her bir türgeniň dünýägaraýşynda sportyň öz çykyş etjek ugry boýunça etmeli işleriniň anyk bolmagyny talap edýär. Şu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýä we sporta goýýan sarpasyndan ruhlanyp, biziň ýurdumyzda hem sportyň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän bäsleşiklerdir , dürli sport çäreleri sportyň çagalaryň beden saglygyny terbiýelemekde, has dogrysy körpe ýaşlykdan terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny subut edýär. Hut şol nukdaýnazardan bedenterbiýäniň we sportyň körpe bedenlerden türgenleşmegi pedogogikanyň hem- de ýörüte şol ugurdan işleýän ulgamyň esasy borjy bolup durýar. Ýaşlary beden maşygyna nähili çekmeli we mekdebe çenli ýaşly körpe nesiliň sporta bolan söýgüsini nähili gazanmalydyr.Ýaş nesliň sporta bolan söýgüsini gazanmak üçin edilmeli işleriň has irki döwürlerden başlanmagy zerurdyr. Ýokary okuw jaýlarynyň ýa- da ýokary okuw jaýlaryndaky ýörüte hünärler bilen berkidilen fakultetleriň paýyna düşýär.Biziň ýurdumyzda sporta uly üns berilmegi bolsa, bu günki gün ýaryşlara gatnaşýan türgenleriň Serdar ýolunda türgenleşik geçmeklerine hem uly dabara bilen bu ýoluň açylmagyndaky şatlyklaryny beýan etmäge mümkinçilik döretdi.
Türgeniň psihiki taýýarlygy onuň anyk wezipeleri ýerine ýetirmegi bilen birlikde onuň endamynyň fiziki garaýyş esasynda dogry terbiýelenmegi bilen bir hatarda onuň duýgylarynyň şol ugur boýunça örän ösen psihiki ýagdaýy emele getirmegi zerurdyr.Türkmen türgenleriniň sagdyn bedenleri, ýaş, körpe nesliň sagdyn bolmagy ýurdumyzyň gelejegi bilen gönüden- göni baglanşyklydyr. Şol sebäpli-de bu gün bu ajaýyp ýoluň ähmiýeti biziň halkymyz üçin wajypdyr. Çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolgörkezijilikli syýasaty bilen öňe barýan halkymyz Hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis birleşip, ýurdumyzyň gelejegi üçin zähmet çekýär. Munuň özi agzybirligiň iň ýokary göreldesidir.
Maýa Geldiýewa
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň uly mugallymy