Özgeriş

05.11.2024

Sanly ykdysadyýet adamyň gündelik harytlary sarp etmeginde we olara zerurlyklary düşündirmekde işler alyp barýar. Edara kärhanalaryň resminamalarynyň sanly ulgama geçmegi nähili ýeňillikleri we oňaýlylyklary durmuşa geçirendigi bu günki gün halk bähbitli işleri agzanyňda munuň hakykatdan hem şeýledigine göz ýetirýärsiň. Bu günki gün ýurdumyzda kiçi telekeçiligi ösdürmekde Kiber howpsyzlygynyň ýollary bilen ykdysady ösüşlerimizi gorap saklamak hem-de ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde ýokary dereje gazanmakda her bir edilýän işlerde kibernetikanyň öz milli äsdimleriniň bardygyny her haçan ýatladyp durmak bolsa, bu günki gün ýurdumyzda edilýän işlere eýelik gözi bilen garamagyň möhümdigini düşündirýär. Aragatnaşygyny ösdürýär we ýerine ýetirýär.Kämil dünýäniň hazynasy bolan gögerçinleriň adama ýakyn,diline düşünýän guş hökmünde başlangyjy bolmak bilen öz üstüne täze jemgyýeti gurmagyň mümkinçiliklerini alýar. Sanlaşdyrmagyň umumy mazmuny barada aýdylanynda, sanlaşdyrmak islendik babatynda hem şol bir işde ýüze çykan ösüşleriň akabasyndadyr. Adamlaryň sowat aýratynlygyny hasaba almak bilen ulanyjy hökmünde bu günki gün sanly ykdysadyýetiň islendik ugry boýunça dolandyryjylygy amala aşyryp biler we ykdysady reformanyň döwlet üçin zerurlygynyň bolşy ýaly,döwrebap işlemeklige we bilim almaklyga çykmak üçin hem ilkinji nobatda bilim dünýäsiniň sanlaşmagy has wajypdyr. Şol sebäpli hem diňe bilim ýa beýleki ugurlar däl, ykdysady ugur boýunça hem sanlaşdyrylmagyň täzelikleri ýaşlary döwrebaplaşdyrmakda oňyn netije görkezýär. Mobil goşundylary hem-de olaryň ýerine ýetiriliş usullary bolsa, halkymyza ösen derejde hyzmat edilýändiginiň alamaty hökmünde bu günki günde mobil ykdysadyýetiniň üstünligini ýekän- ýekän açýar.Elbetde sanlaşdyrmagyň dünýä ykdysadyýetiniň baş görkezijisi hem- de dolandyryjysy hökmünde öňe çykýandygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde onuň mazmun açary gün geldikçe biziň durmuşymyzy özgerdýär. Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň okuw- iş düzgünlerini sanlaşdyrmagyň dürli ugurlary boýunça sowatly işler alnyp barylýar.Bu ugurda bilim hünärmenleriniň edýän işleri uludyr. Çünki hünäri hem bilmi sanlaşdyrmak amala aşyrylanda, ösüşleriň sakasyndaky zehinli çagalaryň açyljakdygy düşnükli zatdyr. Şol sebäpli hem sanly dünýägaraýşy bolan adamlaryň döwrebap ýaşlar bolup ýetişmeginde ýurdumyzda uly aladalar edilýär diýsek hakykatdan daş düşmeris. 2024-nji ýyl has-da döwrebap sanlaşmagyň ýyly bolmaga başlady.Çünki dünýäniň çar künji bilen söwda- ykdysady ragatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem-de tizleşdirlen sekuntlarda haýsydyr bir işi ýerine ýetirmek üçin uly bir güýç – gaýrat sarp edilmeýändigine tarap ädilen ädimleriň ýokary derejesini görkezdi. Dürli onlaýyn konferensiýalaryň hem-de onlaýyn seminarlaryň, onlaýyn medeni görnüşleriň üsti bilen hem ýaşlar dünýä çykmaga hukuk gazandylar. Munuň özi ýaşlaryň başarnyklarynyň ýokarydygyndan habar berýär.

Haçanda adam sowatly bolan ýagdaýynda sanly ulagamyň dolandyryjylyk ukybyny özünde terbiýeleýän bolsa, diýmek şeýle usullary nazarda almak bilen maşgalada hem, ýagny döwletiň düzümini düzýän kiçijik döwletlerde hem sanly ulgamyň zerurlygy her ädimde gerekdigine düşünmek has dogrydyr. Dogrusy her bir iş edilende onuň netijesini görmek halk bähbitli işleriň biziň ýudurmyzda hem ýokary derejede ösýändiginiň nşanydyr. Edara- kärhanalarda ýerine ýetirilýän mobil bazary hem-de ykdysady ýokary göterilişiň ugry bu günki gün dünýä bazarynda edilýän işlerde türkmen ýaşlarynyň döredýän mobil goşundylarynyň internet ýarşlarynda ugur almasy bieln düşündirilýär. Häzirki günlerde döwrebap sanlaşdyrmalar arkaly bank terminnarynyň smartfonlara geçmesi biziň töleg arkaly işlerimiziň öňküden hem ýeňilleşmesine getirjekdigi ikiuçsyzdyr. Çünki Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen edilýän işlerde ýaş zehinlileri ösdürmek hem-de olaryň gelejegi üçin birnäçe täze taslamalar döretmek bilen bagly, biziň hem kärhanamyzyň ýaşlary ýaşlar ýylynda birnäçe täze taslamaalryň üstünde işledi.Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaşlaryň döredijiligini ýokarlandyrmak üstünliklerinde mobil söwda ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny ykdysady ösüşlerimiz subut etdi. Olaryň biri hem iň täze çykan smortfon arkaly töleglerdir. Mobil bank goşundysy arkaly smortfondan çekilip alnan tölegiň çekleşdirme hyzmatlary hem bar, munuň özi häzirki zaman adamzat jemgyýetinde ösen islegleri tizara kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu uzak aralykdaky bitirilmeli işleriň çägini azaltmakda, ykdysady üpjünçiligiň mümkinçiliklerini açmakda, jemgyýeti hem ösen hem şol ugra gönükdirmekde esasy zerurlyga çagyrýan täze bir zerurlykdyr. Türkmen diýarymyz gün- günden ösýär, özgerýär hem-de dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy-da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar.

Çary MÜLKIÝEW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:21 pm, Nov 24, 2024
temperature icon 19°C
облачно с прояснениями
Humidity 48 %
Pressure 1013 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:56 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Watan habarlary 05.11.2024

Next Story

NVIDIA RTX 50XX grafiki kartalaryny CES 2025-den öň yglan etmäge taýýarlanýar

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop