Kompaniýa ýyllyk hasabatynda muny girdejileri we girdejililigi peseldip biljek “howp faktory” hökmünde belledi.
Apple Vision Pro ýaly innowasiýalara maýa goýumlaryna garamazdan, olaryň henizem az synagdan geçirilendigini we iPhone ýaly girdeji derejesini kepillendirmeýändigini duýdurdy.
Financial Times Apple-yň ozal üpjünçilik zynjyrlary we walýuta üýtgemeleri bilen baglanyşykly töwekgelçilikler barada maýa goýujylary duýdurandygyny, ýöne täze önümleriň çykarylyşy baradaky meýilnamalaryny ilkinji gezek şeýle aç-açan bahalandyrandygyny belleýär.
Hasabatda “geosyýasy dartgynlygyň” mümkin bolan netijeleri barada hem duýduryşlar goşuldy.
Mümkin bolan töwekgelçiliklere garamazdan, kompaniýa ösüşini dowam etdirýär: Apple-yň çärýeklik girdejisi 6% ýokarlanyp, $95 milliard dollara ýetdi we rekord derejedäki 46.2% göterim bilen girdeji gazandy.