Botanika

08.11.2024

Biolog alymlar häzirki wagtda ähli janly organizmleri bakteriýalar, kömelekler,ösümlikler,haýwanlar şalyklaryna bölýärler. Olar soňky ýyllar wiruslary hem aýratyn şalyga birikdirmek mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler. Botanika ösümlikleri köptaraplaýyn öwrenýän ylym bolup, ol özüne özara baglanyşykly bolan birnäçe bölümleri birikdirýär. Olardan ösümlikleriň­morfologiýasy ösümlikleriň daşky gurluşyny, aýry-aýry organlarynyň keşbini we daşky gurşawyň täsiri netijesinde keşbini özgertmegini öwrenýär. Ösümlikleriň anatomiýasy – ösümlikleriň içki mikroskopik gurluşyny öwrenýär.

Ösümlikleriň­ sistematikasy ösümlikleriň özara meňzeşligini we biri-birinden tapawudyny, kowumdaşlyk gatnaşyklaryny, gelip çykyşyny we aýry-aýry topar emele getirişini ýüze çykaryp, olary belli bir tertibe (sistema) salmagy öwrenýär. Ösümlikleriň­ sitologiýasy ösümlik öýjüginiň gurluşyny we ýaşaýyş işjeňligini öwrenýän ylym. Ösümlikleriň ­gistologiýasy – ösümlik dokumalaryny öwrenýär. Ösümlikleriň embriologiýasy ösümlikleriň tohum düwünçeginiň gurluşyny we ösüşini öwrenýän ylym. Ösümlikleriň ­fiziologiýasy ösümliklerde bolup geçýän ýaşaýyş hadysalaryny (ösüşini, boý alşyny, iýmitlenişini, dem alşyny we beýlekileri) öwrenýän ylym. Ösümlikleriň ekologiýasy – ösümlikleriň daşky gurşaw bilen özara gatnaşygyny öwrenýän ylym.

Geobotanika –Ýer togalagynyň, ösümlik toparlanmalarynyň (fitosenozlaryň) bileleşigi ýaly, ösümlik örtügini öwrenýän ylym. Fitosenologiýa ösümlik toparlanmalarynyň düzümini, gurluşyny, ösümlikleriň öz arasynda, beýleki organizmler we daşky gurşaw bilen baglanyşygyny hem-de önümliligini öwrenmek bilen meşgullanýar. Ösümlikleriň­ geografiýasy ösümlikleriň Ýer ýüzünde ýaýraýşyny öwrenýär. Paleobotanika daşa öwrülen gatlak larda galdyran şekilleri we sudurlary esasynda ölüp, ýitip giden, gazylyp tapylýan ösümlikleri öwrenýän ylym.

Ösümlikleriň tebigatdaky ähmiýeti. Alymlar tebigaty janly hem-de jansyz tebigat diýen iki topara bölýärler. Ösümlikler, haýwanlar, kömelekler, mikroorganizmler janly tebigaty düzýärler.Ýer ýüzünde ýaşaýyş onuň uly bolmadyk böleginde ýaýran. Janly organizmler Ýer gabygynyň üstki gatlagynda, suwda, atmosferanyň aşaky gatlaklarynda ýaýran.Ýer ýüzüniň janly organizmler ýaýran bölegine biosferadiýip at berýärler. Biosferada janly organizmler millionlarça ýyllaryň dowamynda şol ýeriň ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşypdyrlar we özleri hem biosfera örän uly täsir ýetirip gelipdirler.

Atamuhammet AMANDURDYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
4:52 pm, Nov 21, 2024
temperature icon 15°C
переменная облачность
Humidity 58 %
Pressure 1021 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:53 am
Sunset Sunset: 5:51 pm
Öňki taryh

Etalon adalgasy

Next Story

Sport – sagdyn durmuşyň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Köňülleriň çyragy – Magtymguly Pyragy

21.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda kämilleşýär. Türkmen halkynyň medeni mirasyny düýpli öwrenip, halka ýetirmek we dünýä

Sanly bilim ulgamy

20.11.2024
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Gallkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Biodürlülik – tebigatyň gymmatlygy

20.11.2024
Her bir döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ekologiýa meseleleriniň döwrebap çözgütler bilen utgaşdyrylmagy zerur şertleriň biridir. Türkmenistanda Ylmy ösdürmegiň maksatnamasynda hem ekologiýa we tebigatdan, şol sanda

Ekologiýa abadançylygy

20.11.2024
Adam siwilizasiýasynyň ösen döwründe, adam tebigat gatnaşygy, tebigaty goramak, tebigy baýlyklary almaklyk we olary rejeli peýdalanmak ýaly meseleler adamzadyň möhüm aladalaryna öwrülýär. Bu meseleleri

Ulag-kommunikasiýa pudagynda uly ösüşler

20.11.2024
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň
GitTop