Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda medeniýet ulgamynyň, metbugatyň, telewideniýäniň we radionyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahaty hem-de 2010-njy ýylyň 24-nji fewralynda medeniýet we döredijilik intelligensiýasy bilen geçiren taryhy duşuşygy, aç-açan söhbetdeşligi türkmen žurnalistikasynyň wekillerini täze Galkynyş hem-de düýpli özgertmeler zamanasynda öz işinejogapkärçilik we tankydy nukdaýnazaryndan garamaga täzeden borçlandyrdy hem-de milli žurnalistikanyň wekillerini ýol berilýän säwlikler, bärdengaýtmalar, professional borja mynasyp derejede hötde gelmek barada ymykly oýlandyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi, parasatly içeri we daaşyr syýasaty bilen türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlaryny galkyndyrmagyň, döwrebaplaşdyrmagyň ählihalk tarapyndan makullanan we goldanan beýik maksatnamasy durmuşa geçirilip başlandy. Örän gysga döwürde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, döwletimiziň halkara abraýy arşa göterilýär, adamlaryň aňynda, ruhy durmuşynda uly özgerişlikler bolup geçýär. Elbetde, ykdysadyýetde, ylym-bilim ulgamynda, medeniýetde gazanylanlary birin-birin sanap geçmek mümkin däl. Şonuň üçin diňe käbir maglumaitlara salgylanmagyň özi-de muňa aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Döredijilik intelligensiýasynyň beýleki wekilleri ýaly, žurnalistler hem hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşykda öz işinde kemter gaýdylýan ýerlere göz ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň adalatly belleýşi ýaly, žurnalistika entek ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri talabalaýyk täsirli hem-de ýokary derejede beýan edip bilenok. Ýogsam, döwletimiz bu ulgamyň wekillerine has netijeli işlemek üçin ähli zerur bolan şertleri döredýär. Gazet-žurnallaryň redaksiýalaryna döwrebap edara jaýlary guruldy, olaryň maddy-tehniki üpjünçiligi gowulanýar. Döwürleýin neşirleri ýokary hilli çap etmek üçin täze, döwrebap enjamlar satyn alynýar.
Žurnalistler wakalaryň, täzelikleriň buýsançly ruhuny duýmagy, olardan ylhamlanmagy hemmelerden öňürti başarmaly. Olar amala aşyrylýan özgertmeleriň düýp mazmunyny halkyň aňyna çuňlugy bilen ýetirmeli, olarda ählumumy ruhy ýokary göterilişi, ata Watana bolan buýsanç duýgularyny döretmeli.
Hormatly Prezidentimyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda žurnalistleriň täze neslini kemala getirmek barada uly alada edilýär. Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara žurnalistikasy bölümi açylyp, onda geljegine umyt bildirilýän zehinli ýaşlaryň bilim-ylym, hünär öwrenip başlamagy munuň aýdyň kepilidir.
Rahym PENJIÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby