Žurnalistika hünärini kämilleşdirmek üçin paýtagtymyzda mugallymlar we talyplar üçin okuw sapaklary guralýar

03.05.2024

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda guralýan okuw sapaklarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soňky ýörelgelerini bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Häzirki zaman žurnalistikasy we kommunikasiýa gurallary» temasyndan okuw sapaklaryň tapgyryny 1–3-nji maý aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi gurnady.
Duşuşyklara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşýarlar. Mugallymlar we talyplar üçin «Žurnalistika giriş we ählumumy derejede häzirki zaman mediasy», «Ýewropada we beýleki ýurtlarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi» we beýleki temalardan okuw sapaklary geçirildi. Okuw sapaklary daşary ýurtly bilermen, professor Şon Krouly alyp bardy. Her okuw sapagynyň ahyrynda talyplar bilen bilermeniň arasynda sorag-jogap görnüşinde işjeň we gyzykly söhbetdeşlik geçirilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:04 am, Nov 23, 2024
temperature icon 10°C
облачно с прояснениями
Humidity 76 %
Pressure 1025 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçiriler

Next Story

«Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne» atly täze sahna oýny taýýarlanylýar

Soňkylar Habar

GitTop