Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda-da döwür bilen deň gadam urup, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň genji-hazynasyny açyp görkezmeklige, nusgawy edebiýatymyzyň baş gahrymanlary, şöhratly taryhymyzda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetler barada sahna eserlerini döretmeklige uly hyjuw we yhlas bilen çemeleşilýär. Asylly däbe öwrülen ýörelgelerine laýyklykda teatryň döredijilik topary üstümizdäki ýylymyzyň şygary we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli häzirki günlerde akyldar şahyrymyzyň ýaşlyk ýyllaryny öz içine alýan «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne» atly täze spektaklyň üstünde işleýär.
Täze eserde Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik döwründe Hakyň ýoluna, çuňluga, kämillige ymtylyş döwri, düýşünde erenlerden pata alyp, şygryýetiň ylahy ýoluna düşen halatlary, şeýle hem Meňli gyza bolan ataşly söýgüsi beýan edilýär. Beýik şahyryň pederi hem-de ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň oglunda bolýan täsin ahwalatlara, arşy zehinine göz ýetirmegi, onuň ylym älemine, Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň edebi dünýäsine aralaşmagy üçin edýän aladalary, Magtymgulynyň ejesi Orazgülüň, Azadynyň dosty Selim Magtymyň bu babatda Döwletmämmet Azady bilen pikirdeş bolup, berýän goldawlary gyzykly we gapma-garşylykly wakalaryň üsti bilen täsirli beýan edilýär. Spektaklda Magtymgulynyň ylahy zehininiň ylahy söýgi bilen utgaşmagy, ykbalyň öňde goýan gapma-garşylyklary zehini gursagyna sygmaýan ýaş ýigidiň kalbynda adamzat, pelek, yşk, hak we nähak baradaky dünýewi garaýyşlary, halallyk, ynsanperwerlik, merdi-merdanalyk, Watan, ene toprak baradaky pelsepewi pikirleri oýarýar.
Elbetde, çeper söz ussadynyň döredijilik dünýäsine aralaşmak, onuň pähim-paýhasynyň asman ýaly beýikligini, umman ýaly çuňlugyny açyp görkezmek we ony tomaşaçylara ýetirmek aňyýetiň aňyrsyna nazar salmaklyga barabardyr. Teatrda döredijilikli gözleglerden soňra Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Magtymguly» romanynyň üstünde durlupdyr we bu eser bilen birlikde dürli çeşmeler ilik-düwme öwrenilipdir. Belli bir netijä gelnenden soňra bolsa, bu romanyň äheňi teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow tarapyndan «sahna diline» geçirilipdir. Häzirki wagtda tejribeli we zehinli ýaş aktýorlaryň gatnaşmaklarynda teatryň sahnasynda taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Spektaklda Magtymgulynyň kakasy Azadynyň hem-de ejesi Orazgülüň keşpleri Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejepowa we Akjagül Suhanowa ynanylypdyr. Magtymgulynyň söýgülisi Meňliniň keşbini zehinli aktýor Umida Hemraýewa, Azadynyň dosty Selim Magtymyň we onuň aýaly Ogulşekeriň keşplerini teatryň tejribeli artistleri Çary Dolyýew hem-de Jemal Arazmuhammedowa döredýärler. Bulardan başga-da spektaklda Meňliniň ejesiniň, Şanyýaz hanyň, Azadynyň ogly, Magtymgulynyň dogany Muhammetsapanyň keşpleriniň üstünde sahna ussatlygynyň inçe tilsimlerini ele alan Aýna Rozyýewa, Nurýagdy Döwletow, Remezan Allaberdiýew ýaly aktýorlar yhlas bilen işleýärler. Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetirýän Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Myrat Haýtyýewiň, sahna eserini saz bilen utgaşdyrýan Ruslan Hemraýewiň hem täze spektaklyň Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüniň milli we ruhy ýörelgeleri bilen utgaşyp, ilhalar bolmaklygy üçin edýän yhlasly gözleglerini belläp geçmek bolar.
Täze sahna eserinde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ata-enesini, döwürdeşlerini hem-ä guwandyrýan, hem-de dowla düşürýän zehini, durmuşyndaky gapma-garşylyklar çuňňur pelsepewi pikirler arkaly inçelik bilen yzarlanylýar. Biz onuň aktýorlaryň döredijilik ussatlygy we yhlasly zähmeti bilen sazlaşyp, şowly çykjakdygyna ynanýarys.
Taryhy şahsyýetlerimize we olaryň döredijilik dünýäsine belent sarpa goýýan, täze sahna eserlerini döretmeklige giň mümkinçilikleri açýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys — diýip, bu spektakly sahnalaşdyrýan zehinli režissýor Perhat Hudaýberenow biziň bilen söhbetdeş bolanynda gürrüň berdi.