Dark
Light
25.01.2026
alem52e THE ASHGABAT TIMES

Ýeriň emeli hemrasy

11.11.2024

Ilkinji, Ýeriň emeli hemrasy “Sputnik” 1957–nji ýylyň 4 oktýabrynda SSR–de ýeriň golaýyndaky orbitasyna goýberilen. Amerika özüniň ilkinji ÝEH “Eksploler-1” 1958-nji ýylyň 1 fewralynda uçuran, soňra Fransiýa, Awstraliýa, Ýaponiýa, Welikobritaniýa ýaly ýurtlary goýberip başlapdyr. Kosmiki barlaglaryň ugrunda ähli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňden ýaýrapdyr.

Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasy äleme uçurylar. Milli kosmos agentligi hemra aragatnaşygyny sazlamak, kosmos giňişligini öwrenmek boýunça, Türkmenistanyň çäginden emeli hemramyzy dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirer. Türkmenistanyň milli emeli aragatnaşyk hemrasy orbita çykarylandan soň ony dolandyrmak Ahal welaýatyndaky milli hemra ulgamyny dolandyryş merkezinden we Daşoguz welaýatyndaky ätiýaçlyk dolandyryş merkezinden amala aşyrylar. Milli hemramyz Türkmenistanyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Munuň özi maglumatlar – kommunikasiýa ulgamlaryny, interneti, hemra telewideniýesini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde go-ýan wezipeleri babatda aýratyn möhümdir.

“Türkmen Älem 52.OE” milli aragatnaşyk hemrasy Ýeriň üstünden, takmynan, 36 müň kilometr uzaklykda ýerleş ýän, geostasionar orbitasyna çykarylar. Onuň üstündäki radio enjamlar ýerüsti radiostansiýalarynyň tolkunlaryny güýçlendirip, beýleki ýerüsti radiostansiýalaryna alyp eşitdirer. Biziň hemramyz milli telewideniýanyň teleradio ýaýlymlaryny alyp eşitdirmek üçin peýdalanylar. Hemra ýaýlymlarynyň ýokary eşitdiriş we görkezijilik taraplary, şeýle hem ýokary goýberiş ukybyna eýe bolan teleýaýlymlarynyň onlarçasyny tolkuna goýbermäge mümkinçilik berer.

Hemra biri-birinden birnäçe müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalarynyň arasynda maglumatlary geçir mäge, giň göwrümli internet hyzmatlaryny bermäge, uzak aralykdan okuwlary guramaga, lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge, şol sanda dürli wideoşekilli maslahatlary geçir mäge, şeýle hem aragatna-şyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaga ýardam berer.

Aýjemal ÇARYÝEWA
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1280 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Watan habarlary 10.11.2024

22 07 vrah obhei praktiki min THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ilkinji kömek

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop