unnamed 1 THE ASHGABAT TIMES

Öňünden görmek

18.11.2024

Çaklama «öňünden görmek» diýen has giň düşünje bilen baglanyşyklydyr. Öňünden görmek hakykatyň beýanyny öňürtileýär we tebigatyň, jemgyýetiň hem-de pikirlenmegiň kanunlaryny öwrenmäge esaslanýar. Anyklygyň derejesine we derňelýän hadysalara täsir ediş häsiýetine baglylykda, onuň gipoteza, çaklama we meýilnama görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Gipoteza ylmy taýdan öňünden görmegi häsiýetlendirip, umumy nazaryýetden gelip çykýar, ýagny gipotezanyň gurluş binýadyny nazaryýet we onuň esasynda derňelýän obýektleriň ösüşiniň we hereketde bolmagynyň kanuna laýyklyklaryny we sebäp-netije baglanyşyklaryny açmaklyk düzýär. Gipotezanyň derejesinde olaryň hil häsiýetnamasy berilýär, ol özüňi alyp barmagyň umumy kanunalaýyklygyny görkezýär.

Çaklama diýip geljekde obýektiň bolup biläýjek ýagdaýlaryny, onuň ösüşiniň alternatiw ýollary barada ylmy taýdan esaslandyrylan ulgama düşünilýär. Gipoteza bilen deňeşdirilende, çaklama has kes­gitli bolýar, sebäbi ol diňe bir hil görkezijilerine däl-de, eýsem, muk­dar görkezijilerine hem esaslanýar, şonuň üçin obýektiň geljekki ýag­daýyny mukdar taýdan häsiýetlendirmäge hem mümkinçilik berýär. Çaklama öňünden görşi anyk – amaly nazaryýet derejesinde görkezýär, şonuň üçin gipoteza bilen deňeşdirilende has anyk hasaplanylýar. Çaklamany işläp taýýarlamak hadysasyna çaklama işi diýilýär.

Öňünden görmegiň görnüşleri öz arasynda baglanyşykly bolup, geljekde obýektiň özüni alyp barşyny yzygider öwrenmegiň anyk basgançaklaryny görkezýär. Bu hadysanyň başy – obýektiň ýagdaýlaryny umumy ylmy taýdan öňünden görmek, jemleýji tapgyry – obýekti onuň üçin täze kesgitlenen ýagdaýa geçirmek usullaryny işläp taýýarlamakdyr. Munuň üçin wajyp serişde bolup çaklama hyzmat edýär, ol umumy ylmy taýdan öňünden görmegiň we meýilnamanyň arasyndaky baglaşdyrýan bölek bolup durýar.

Ykdysady hadysalaryň çaklamasy çaklamanyň beýleki görnüşleri, ýagny durmuş, syýasy, demografik, ylmy-tehniki, tebigy resurslaryň binýadynyň ösüşi we beýlekiler bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Rahym HOJAMEDOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
lider e1552593908554 800x400 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

“LIDER” DÜŞÜNJESI

gozel ulkam asgabat bzf5qo4hly THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gözel ülkäm Türkmenistan

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop