osumlik yaglary THE ASHGABAT TIMES

Ösümlik ýaglary

15.11.2024

Ösümlik ýaglary, esasan, iýmit hökmünde ulanmak üçin alynýar. Ýaglaryderman, kosmetiki we tehniki serișdelere goșmak üçin hem ulanýarlar.Ösümlik ýaglarynyň çig maly hökmünde, köplenç, olaryň çigidi hyzmatedýär. Ösümlik ýagy degișli ösümligiň ady bilen atlandyrylýar. Meselem,palma ýagy, soýa ýagy, günebakar ýagy, kokos ýagy, raps ýagy, zeýtunýagy, mekgejöwen ýagy we bașgalar.

Ösümlik ýaglarynyň aglabasy örän ýokumly iýmit bolmak bilen, olary köplenç arassa görnüșinde (mysal üçin, salat ýaglary), käbirini bolsa täzeden ișläp, margarin, maýonez we bașga ýaglary almak üçin ulanýarlar.Ir döwürlerde ýaglary zeýtundan we palmadan alypdyrlar, çünki buagaçlaryň çigidinden gysyp ýag almak üçin uly güýç sarp edilmeýär.Tehnikanyň ösmegi bilen ýaglary almasy kyn bolan ýa-da ýagy özünde az saklaýan ösümliklerden hem alyp bașlapdyrlar.

Ýaglar 2 hili bolýar: Ösümlik we haýwan ýaglary. Ýaglaryňșu 2 toparyň haýsyna degișlidigini olaryň düzüminde holesteriniň ýa-da fitosteriniň bolmagy kesgitleýär, ýagny düzüminde holesterin bolan ýaglar haýwan ýaglaryna,düzüminde fitosterin bolan ýaglar bolsa ösümlik ýaglaryna degișlidirler. Ösümlik ýaglary hem 2 topara – gaty we suwuk ýaglara bolünýär.Suwuk ýaglaryň häsiýetlerine baglylykda olary 4 topara bölýärler. Kenebe meňzeș ösümlikleriň ýaglary – bu ýaglar beýleki ýaglardan has çalt gurap,gaty görnüșe geçýärler. Çigildeme meňzeș ösümlikleriň ýaglary – bu ýaglar haýal guraýarlar. Zeýtuna meňzeș ösümlikleriň ýaglary – bu ýaglar guraman goýalýarlar. Kastor ýaglary – guraman, suwuk ýagdaýyny saklaýarlar.

Ösümlik ýagyny öndürmek bilen meșgullanýan bölüm TürkmenistanyňAzyk senagaty assosiasiýasynyň iň iri bölümleriniň biridir.Ösümlik ýagynyň çig maly hökmünde, köplenç, ösümlikleriň çigidihyzmat edýär. Çigitden ýaglary, esasan, iýmek üçin alýarlar, kähalatlardaýaglary derman, kosmetiki we tehniki serișdelere goșmak üçin hem ulanýarlar.

Atamyrat BABAMYRADOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
11:56 pm, Dec 5, 2025
temperature icon 10°C
пасмурно
Humidity 62 %
Pressure 1026 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:07 am
Sunset Sunset: 5:47 pm
internet name THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Telekommunikasiýa ulgamy

1831452240 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ylym-bilim ulgamy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop