Döwlet Baştutanymyzyň pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekden, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmakdan, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly goşulyşmagy üçin amatly makroykdysady şertleri döretmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen, orta we uzak möhletlere niýetlenen toplumlaýyn milli maksatnamalar — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, ipoteka karzlaşdyrylyşyny ösdürmek, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara standartlaryň derejesine çykarmak, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.
Ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, daşary döwletleriň we türkmen telekeçileriniň maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmek, möhüm, strategik ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, ýaşaýyş jaý karzlarynyň möçberini artdyrmak ykdysady ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan maýa goýum mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça halkara söwda hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýär.
Resul ATAÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby