glawny 5 THE ASHGABAT TIMES

Oba hojalyk pudagy ösüşlere tarap

25.11.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär, onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyna, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan pudagy döwrüň talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ýola goýmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunda sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary, ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir.

Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Ählumumy durnukly azyk üpjünçiligi Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri bolmak bilen, dünýä ykdysadyýetiniň çalt özgerýän şertlerinde döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply azyk önümleriniň önümçiligi yzygiderli artdyrylýar.

Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň we azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde zerur çäreler amala aşyrylýar. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalarynyň, şol sanda takyk ekerançylyk ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna we degişli amallaryň awtomatlaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa önüm öndürijilere serişdeleri has netijeli dolandyrmaga, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň, önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bellenildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Jeren MUHAMMEDOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1b80ba1335f4a5c419289007d01674c00ed68a97 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çaklama: iPhone 17 bäş esse teleobýektiwli kameralar bilen enjamlaşdyrylmady

82140bdb096d3408f2da67569f36c80dc29f0c69 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TikTok-nyň başlygy ABŞ-nyň täze Prezidentiniň esasy ýarany Ilon Mask bilen duşuşdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop