Adam bedeninde bolup geçýän fiziki hadysalar

25.11.2024

Adam bedeninde bolup geçýän dürli hadysalaryň çylşyrymlydygyna we özara baglanyşyklydygyna garamazdan, köplenç, olaryň içinden fiziki hadysalara ýakyn bolan hadysalary tapawutlandyrmak bolar. Adam bedeninde fiziki makrohadysalardan başga-da, molekulýar hadysalar hem bolýandyr, olar umumylaýyn alnanda biologiki ulgamlaryň häsiýetlerini kesgitleýärler. Şeýle mikrohadysalaryň fizi-kasyna düşünmeklik bedeniň ýagdaýyna, duş gelýän keselleriň tebigatyna, ulanylýan dermanlaryň täsirine we ş.m dogry baha bermeklik üçin zerurdyr.

Adam bedeniniň we onuň işe bolan ukyplylygynyň bozulmaklygy bilen baglanyşykly bolan dürli hadysalaryň öwrenilmegi lukmançylyk biofizikasynda seredilýän ilkinji meseleler bolup durýandyr. Keselleri anyklamaklygyň we barlag çärelerini geçirmekligiň köp usullary fiziki düşünjeleriň we nazary garaýyşlaryň ulanylmagyna esaslanýandyr. Häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň aglabasy gurluş taýdan fiziki enjamlar bolup durýandyr.

Mehaniki ululyk bolan ganyň basyşy käbir kesellere baha bermeklik üçin ulanylýan görkeziji bolup durýandyr. Bedeniň içinde ýerleşýän ses çeşmeleriniň döredýän sesleriniň diňlenilmegi organlaryň kadaly ýa-da patologiki ýagdaýlary barada maglumat almaklyga mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda, elektron gurluşlaryň kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, janly bedende döreýän biopotensiallaryň ýazga geçirilmegi (ölçenilmegi) anyklaýyş usul hökmünde has giň ýaýran usul bolup durýandyr. Hususan-da, ýüregiň işleýiş ýagdaýyny suratlandyrýan biopotensiallaryň ýazgysy (elektrokardiografiýa) has giň ýaýran usuldyr. Mediki-biologiki barlaglar geçirilende ulanylýan mikroskobyň tutýan orny hemmämize giňden bellidir. Lukmançylykda bejeriş maksatlary üçin ulanylýan usullaryň umumy toplumynda fiziki faktorlar bilen täsir etmeklik hem belli bir orny tutýandyr.

Lukmançylykda ulanylýan daňylar, abzallar, elektrodlar, protezler we ş.m. daşky gurşawyň täsiri astynda we şol sanda, köplenç, gönüden-göni biologiki ulgam bilen galtaşýan ýagdaýda işleýärler. Şular ýaly ýagdaýda olaryň hakyky şertlerde ulanylmak mümkinçiligine baha bermek üçin hökmany suratda, olaryň ýasalýan serişdeleriniň fiziki häsiýetleri barada maglumatlar gerekdir. Käbir ýagdaýlarda biologiki ulgamlaryň ýaşaýşa bolan ukyp-lygyna ýa-da kesgitli daşky täsirlere döz gelip bilmek ukyplygyna baha bermek üçin olaryň fiziki häsiýetlerini bilmek wajyp mesele bo-lup durýandyr. Biologiki obýektleriň fiziki häsiýetleriniň üýtgemekligi boýunça keselleri anyklap bolýar.

Jennet KAKAMYRADOWA
Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:24 pm, Nov 25, 2024
temperature icon 10°C
ясно
Humidity 81 %
Pressure 1018 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:57 am
Sunset Sunset: 5:49 pm
Öňki taryh

Ykdysadyýetiň ösüşi

Next Story

Instagram we WhatsApp-dan 2 milliondan gowrak aldawçy aýryldy

Soňkylar Habar

GitTop