Häzirki zaman jemgyýetinde harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiligi dürli hojalyk subýektleri tarapyndan, ýagny hususy, döwlet eýeçiligine degişli, şonuň ýaly-da garyşyk eýeçilikdäki iri, orta, kiçi we mikrokärhanalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti mikroderejede dürli pudaklaryň köp sanly kärhanalarynyň işini, ähli tebigy, adam resurslaryny we adam tarapyndan döredilen resurslary gurşap alýar. Olar adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenen harytlaryň we hyzmatlaryň öndürilmegi üçin peýdalanylýar.
Adamlaryň islegleri köp dürlüdir we çäksizdir emma bu islegleri doly kanagatlandyrmak üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürmäge gerekli resurslaryň möçberi çäklidir. Resurslar – bu islegleri kanagatlandyrmak üçin dürli görnüşli nygmatlaryň we hyzmatlaryň önümçiligini gurmakda kärhanalar we beýleki önümçilik subýektleri tarapyndan peýdalanylýan zatlardyr.
Önümçilik resurslary doly herekete getirilen mahalynda bir önümiň öndürilişini artdyrmak üçin olaryň beýleki birleriniň öndürilişini kemeltmeli bolýar. Şoňa görä-de, her bir jemgyýet mümkinçilikleriň çäkliligine sezewar bolýar. Ähli islegleriň kanagatlandyrylmagynyň mümkin däldigi zerarly, bazar ykdysadyýeti şertlerinde her bir sarp ediji, her bir satyn alyjy öz isleýän zatlaryndan has möhümlerini yzygiderli saýlap almaly bolýarlar.
Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleri, hususan-da, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerini, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny we halkara hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň artmagyny, ahyrky netijede bolsa halkyň maddy-hal ýagdaýynyň gowulanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen milli manadyň denominasiýasynyň geçirilmegi bazar gatnaşyklaryna geçmekde we ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Razagül ÝAGŞYMYRADOWA
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyk ministirliginiň
Söwdä-Kooperatiw mekdebiniň 2-nji derejeli mugallymy