Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça milli komitetleriň 12-nji sebit maslahatyna gatnaşdy. Çäre Daşkentde geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we aragatnaşyk agentliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň halkara awtoulag daşaýjylary birleşiginiň, “Türkmen logistika” birleşiginiň işgärleri girdi. Merkezi Aziýa giňişliginde söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek, sebitde ulag pudagyny ösdürmek, söwda prosesiniň sanlylaşdyrylmagy, ykdysady we ulag-logistika hyzmatdaşlygynda hususy sektoryň roluny güýçlendirmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
Çäräniň çäklerinde, kagyzsyz söwda, Merkezi Aziýada ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek konsepsiýasyny işläp düzmek, sanly fitosanitar şahadatnamalary ornaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparlarynyň mejlisleri hem geçirildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Daşkent welaýatyndaky gümrük nokatlarynyň birine baryp, gümrük amallarynyň sanlylaşdyrylmagy babatynda özbek tejribesi bilen tanyşdylar.