eroopbikfr8aapbqncdzrrlec9qwreszameqsrfregfsbdkorsi95nthw2bk THE ASHGABAT TIMES

Jemgyýetiň jebisligi

27.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda giň özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, täze ösüşlere badalga berilýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlary sungatyň dürli görnüşleriniň galkynmagyny hem-de ösdürilmegini, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde Diýarymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany ýylyň-ýylyna artyp, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Aýawly saklanylýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalarynyň ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orun eýelemäge, bu ugurda halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek, öz halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini — pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary we beýlekileri netijeli peýdalanýar. Bu bolsa halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň goldawlary esasynda häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan şahyryň eserleri onlarça dile terjime edilip, çapdan çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistana ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglanyşdyran şahyryň arzuwlan zamanasy geldi.

Selim ATAÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
e691a8baa8b071c3ca13cdc150faff4b3a6f4c63 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Intel çykdajylary azaltmak üçin 80 gektar ýeri satmak kararyna geldi

0e3ef17b40a9765055bbb11998fed614bf9395f0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Fragment platformasy belgileri satyn almak üçin hökmany tassyklamany girizdi

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop