Adamyň aýdym-saz bilen arabaglanyşygy

27.11.2024

Adam bedeni ýaşamak üçin kadaly iýip-içmäge, dem almaga mätäç bolşy ýaly, ruhy taýdan iýmitlenmäge hem zerurlyk duýýar. Aýdym-saza teşneligimiz, mahal-mahal özümiziň-de hiňlenip, joşubermegimiz hem şu sebäpli bolsa gerek. Bilermenler sazyň her adama özboluşly täsir edýändigini belleýärler.
Aýdym-saz sungaty jana ýakymly, ýüreklere ganat beriji «iýmitdir». Ol adamyň ýüregine güýç, göwnüne juwanlyk berýär, garrylygyň, tapdan düşmekligiň öňüni alýar, dertleri dep edip, özüňi duýşuňy gowulaýar, immuniteti ýokarlandyrýar. Saz diňlemek we saz gurallarynda saz çalmak, aýdym diňlemek ýa-da aýdym aýtmak — adamyň nerw ulgamyna rahatlyk berýär. Haýsydyr bir iş bilen meşgullanan pursatlarymyzda, ýolda-ýörişde göwnümize ýaraýan aýdym-sazlary diňlemek saglyk ýagdaýymyza peýdaly täsir edýär. Ol adamyň günüň dowamyndaky ýadawlygynyň geçmegine, işe başlamazdan öň diňlenende bolsa, zähmet gününe has keýpiçag başlamaga höweslendirýär. Mundan başga-da, aýdym-sazy köp diňleýän adamlaryň ýatkeşligi beýlekilerden tapawutly bolýar.
Aýdym-saz adamy birnäçe keselleriň sebäpkäri bolan dartgynlylyk ýagdaýyndan halas edýär. Şeýledigi üçin käbir psihologdyr psihiatr lukmanlar ony öz bejeriş usullarynda ulanýarlar. Adamyň göwün syrdaşy hasaplanylýan aýdym-saz ukusyzlyk derdini ýeňmäge hem ýardam edýär. Güýçli depginli däl-de, pessaý akymly aýdymlar çalt rahatlandyryp, gündizki iş-aladalary unutdyrýar. Edil aýdym diňlemegiň peýdaly bolşy ýaly, aýdym aýtmagyň, aýdyma hiňlenmegiň hem örän köp peýdaly taraplary bar. Aýdyma hiňlenmek ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyryp, has işjeň ýaşamaga hyjuwlandyrýar. Aýdyma hiňlenmek gan basyşy sazlap, ýüregi kuwwatlandyrýar, öýkeniň, dem alyş ýollarynyň işjeňligini ýokarlandyryp, gandaky kislorodyň mukdaryny artdyrýar.
Haýsy jähtden seredilende-de, aýdym-saz adamyň jan saglygyna diňe oňyn täsir edýär. Megerem, şirin janyň ynsan bedenine saz bilen salnandygy baradaky rowaýat hem saz bilen sagdyn bedeniň bir-birine aýrylmaz derejede baglydygy üçin bolsa gerek.

Söýenç GÖKOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:31 am, Nov 28, 2024
temperature icon 13°C
переменная облачность
Humidity 62 %
Pressure 1010 mb
Wind 11 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 40%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:00 am
Sunset Sunset: 5:48 pm
Öňki taryh

Google başlygy dynç almak üçin iň halanýan usulyny aýtdy

Next Story

Küşt oýnunyň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

“Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”

28.11.2024
Göktürkmenleriň medeniýeti barada maglumat berýän ýazgylardan dörän garaýyşlara görä, hökümdar ýurt başyna saýlananda özi, hem-de onuň aýaly üçin (şazenan hökmünde) aýratyn gutlag toý-mejlisleri guralypdyr.

Küşt oýnunyň ähmiýeti

28.11.2024
Umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň aňynyň ösüşini kämil derejede kemala getirmek mugallymlaryň esasy maksadydyr. Küşt oýny pikirleniş işini tejribedäki hereketler bilen baglanyşdyrmaga, meseläniň

“Saglygym – baş baýlygym”

27.11.2024
Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ynsan saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Adam jemgyýetiň we döwletiň iň esasy gymmatlygydyr»

Mugallymyň jemgyýetdäki orny

27.11.2024
Jemgyýet, halk mugallyma birinji derejeli ähmiýet berýär, onuň asylly, jogapkärli käri bilen içgin gyzyklanýar, ýaşaýyş durmuşy barada alada edýär. Sebäbi mugallym ýaş nesli akylly-başly,

Jemgyýetiň jebisligi

27.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda giň özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, täze ösüşlere badalga berilýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen
GitTop