Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 2-nji dekabrda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Diplomatlar türkmen-rus gün tertibiniň esasy ugurlaryna, hususan-da, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga we geljekki bilelikdäki çäreleriň tertibine aýratyn üns berdiler. Ministrler ministrlikara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.
Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde ýola goýlandygyny ýatladýarys. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady 200-den gowrak döwletara we hökümetara ylalaşyklardan ybaratdyr.