THE ASHGABAT TIMES

Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy  

05.12.2024

Ýurdumyzda Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Çünki ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir.

Türkmenistanda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa halk tebipçiliginiň köpasyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we olary durmuşa geçirmek giň gerimde dowam etdirilýär, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpugurly işler amala aşyrylýar. Şol lukmançylyk merkezleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilýär. 

Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belentliklere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlaryň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

Milletiň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuş taýdan abadançylygynyň, bagtyýar geljeginiň hem möhüm şertidir. Giň gerimli öňüni alyş işleriniň hem-de keselleri irki döwürde anyklamagyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň esasy aýratynlygy bolup durýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ilatyň arasynda kesellemegiň derejesini peseltmäge, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen parasatly syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy we gymmatly baýlygydyr. 

Arslan BAÝLYÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
28 april THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Biologik sagatlar

ec2fb116ba50d064b193fb227c2c146b 8971826 500x281 8 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Watan habarlary 06 12 2024

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop