Ýaşlar-Watanyñ aýdyñ geljegi

07.12.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli ylym-bilimli hünärmenler edip terbiýeläp ýetişdirmek esasy ýörelgeleriñ biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýär.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Geçen ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi röwşen geljegimiziň ösüşlere beslenmegidir. Mähriban Arkadagymyzyň  mekdep okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirýän umumy sapagy biziň her birimiz üçin beýik ýörelgedir. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Ýaşlara gutlag», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly beýik eserleri, bagtyýar türkmen ýaşlary bilen geçirýän duşuşyklarynda, okuw sapaklarynda berýän öwüt-nesihatlary, taryhy çykyşlary bize rowaç menzillere ýetmekde iň kämil, iň nurana ýollary salgy berýär.

Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze başlangyçlary biz ýaşlary beýik maksatlara, zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Watan mukaddesligi üçin berjaý edilýän işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri biz ýaşlaryň durmuşyna aýratyn röwüş çaýýar. Bagtyýar ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ beýik ynsanperwer işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar.

Ýaşlarda röwşen geljegi görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  belleýşi ýaly, ata Watanymyzda kämil, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlygy bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli tagallalar edilýär. Munuň özi ýaşlara bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Mekdep okuwçylarydyr, talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň çäginde we halkara derejesindäki dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, gazanýan guwandyryjy netijeleri gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Meýlis ABDULLAÝEW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
10:48 am, Dec 27, 2024
temperature icon -2°C
плотный туман
Humidity 100 %
Pressure 1028 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:21 am
Sunset Sunset: 5:53 pm
Öňki taryh

Watan habarlary 07.12.2024

Next Story

Suw – dünýäniň halklarynyň umumy gymmatlygydyr

Soňkylar Makalalar

Türkmeniň Milli buýsanjy

26.12.2024
Türkmen ahalteke atlary, dünýäniň iň gadymy we seýrek duş gelýän tohumlarynyň biri bolup, Türkmenistanda milli buýsanç hökmünde kabul edilýär. Bu ajaýyp bedewler özleriniň tizligi,

Häzirki zaman jemgyýetinde bilimiň ähmiýeti

26.12.2024
Bilim häzirki zaman jemgyýetiniň esasy daýanjy bolup, şahsyýetleriň we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm orun tutýar. Ol şahsy ösüş, ykdysady ösüş we jemgyýetçilik ösüşi üçin zerur

Taryhy ýoldaş

26.12.2024
Atlar müňlerçe ýyllap adamlaryň ýoldaşy bolup, ulag, oba hojalygy we hatda uruşda möhüm orny eýeläpdirler. Bu ajaýyp jandarlar eldekleşdirilen haýwanlara degişlidir we güýçleri, tizligi

Çagalarda serebral ysmaz keseli

26.12.2024
Serebral ysmaz çaganyň hereket etmegini we deňagramlylygyny saklamagyny kynlaşdyrýan keseller toparydyr. Bu kesel her 1,000 doglan çaganyň 2-3-sinde ýüze çykýar. Serebral ysmaz, adaty däl

Türkmenistanyň Oba Hojalygyn ösdürmek

26.12.2024
Türkmenistanda oba hojalygy ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi bolup durýar. Oba hojalyk pudagy ilatyň azyk üpjünçiligini, iş orunlaryny we eksport mümkinçiliklerini üpjün edýär. Türkmenistanyň Oba
GitTop