Dark
Light
27.01.2026
a THE ASHGABAT TIMES

“Altyn asyr” türkmen köli

10.12.2024

 “Altyn asyr” Türkmen köli-ägirt uly gidromelioratiw desgadyr.  Suwarymly ýerlerin şorlamagy we zeý suwlaryny äkitmek meselesi arid zolagynda ýerleşen ýurtlaryň ählisinde hem gabat gelýär. Bu mesele her ýurtda dürli usullarda çözülýär. Birnäçe ýurtlarda zeý suwlary tebigy çöketliklere, başgalarynda bolsa, derýalara we deňizlere guýdurylýar. Şu mesele Merkezi Aziýa ýurtlarynda hem örän ýiti meseleleriň biri bolup durýar.

Bu mesele suw hojalygyň tejribesinde öňden bäri duran meseledir, emma onuň çözgüdi ýok diýip aýdyp bolmaz. Şolaryň biri, zeý suwlaryny suw kabul edijilere guýdurmakdyr. Türkmenistanyň çäginde bu wezipäni şu wagta çenli Garagum çölündäki dürli derejedäki tebigy çöketlikler we Amyderýa ýerine ýetirip gelýärdi. Şeýlelikde, Amyderýa guýdurylýan zeý suwlarynyň täsiri bilen onuň suwunyň duzlulygyny has ýokary galdyrdy. Mary, Tejen, Köpetdag eteginden çykýan zeý suwlaryň suw kabul edijisi bolup Merkezi Garagumuň tebigy çöketlikleri hyzmat edýärdi. Şunda, Daşoguz welaýaty aýratyn ýagdaýy eýeleýär. Bu welaýatda zeý suwlarynyň 65%-i Özbegistanyň çäginde emele gelýär we Köl hem-de Derýalyk döwletara şor suw akabalary bilen üstaşyr geçilýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli çözgüdine laýyklykda 2000-nji ýylyň Oktýabr aýynyň 20-sinde başlandy. Şu çözgüdiň esasynda “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap iki sany magistral şor suw akabasy-Baş şor suw akabasy we Daşoguz şahasy guruldy. Olar ýurdumyzyň welaýatlarynyň zeýkeş, şor suw akaba ulgamlarynyň suwlaryny toplap, Türkmen kölüne äkidýär.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň Baş-şor suw akabasy ýurdumyzyň gündogaryndan başlanýar. Onuň umumy uzynlygy 720 km, suwunyň mukdary birinji nobatdakysy 30 m3/s. Daşoguz şahasynyn uzynlygy 381 km, suw mukdary birinji nobatdakysy 20 m3/s. Baş şor suw akabasy we Daşoguz şahasy Garaşor çöketliginde, Garagumda göwrümi 132 km3, uzynlygy 103 km, ini 18,6 km we suwunyň üstüniň meýdany 3460 inedördül km bolan, “Altyn asyr” Türkmen kölüni emele getirýär.

Bekmyrat BABAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy  

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1733553039 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Emeli aň boýunça webinar: Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar

adasdsaf THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Bitewi Saglyk” – azyk ulgamlaryny goramak, geljekki pandemiýalaryň öňüni almak.

Soňkylar Makalalar

Kitaplar – köňül baýlygy

26.01.2026
Medeniýeti ösdürmekde kitaba, kitaphanaçylyk işine möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa ýaşlar, asyl, tutuş halkymyz üçin watansöýüjilik mekdebi bolup durýar. Milli

Bedew ruhy – ösüşleriň badalgasy

26.01.2026
Berkarar Watanymyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy beýik galkynyşlarymyzy dünýä ýaýyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmelerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň dowamat-dowam bolmagyna täze badalga, ruhy

Milli terbiýe – asylly ýörelge

25.01.2026
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanylyp,

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu
GitTop