Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 10-njy dekabrda Braziliýanyň täze bellenen ilçisi (Astanada ýerleşýän) Marsel Fortuna Biatodan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Marsel Fortuna Biato 2025-nji ýylda Braziliýada geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 30-njy Konferensiýasynyň (COP30) ähmiýetine ünsi çekdi. Daşary ýurt diplomaty Türkmenistanyň wekiliýetini foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Mundan başga-da, diplomatlar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we BMG çäginde hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Şeýle hem, Aşgabatda geçirilen Bitaraplyk güni mynasybetli çäreleriň ähmiýeti barada gürrüň edildi we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy bellenildi.