640px turkmenistan ashgabat THE ASHGABAT TIMES

Şatlygymyza ýene-de bir şatlyk goşan waka

13.12.2024

Ýurdumyzda baky Bitaraplygyň şanly 29 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralarynyň joşguna beslenen günlerinde şatlykly wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany bilen bir hatarda, Magtymguly adyndaky halkara baýragy bilen sylaglanmagy buýsançly wakalaryň birine öwrüldi.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de söz ussadynyň ajaýyp ýadygärliginiň gurulmagy Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlaryndan gözbaş alýar.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde we onuň ynsanperwer taglymatyny durmuşa ornaşdyrmakda, şahyryň edebi mirasyny kanun esasynda ebedileşdirmekde Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy bilen sylaglanmagy bagtyýar halkymyzda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi.

Allamyrat NURSAHATOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
1684592818737 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Durnukly oba hojalygyndaky täzelikler: geljegi iýmitlendirmek

glawny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop