MIT hünärmenleri bäş esasy tendensiýany belleýärler.
Ilki bilen, EI-tehnologiýalary wirtual dünýäleri we wideo oýunlary döretmek üçin işjeň ulanylyp başlanar, ýönekeý şekilleri interaktiw gurşawlara öwürer. Bu, oýun döredijiler we robotlary türgenleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Ikinjiden, uly dil modelleri “pikirlenmek” ukybyny gazanar, bu bolsa çylşyrymly meseleleri çözmekde takyklygyny ýokarlandyrar. OpenAI we Google ýaly kompaniýalar eýýäm jogaplara ädimme-ädim çemeleşmeleri ornaşdyrýarlar.
Üçünji tendensiýa – ylmy gözleglerde EI-iň rolunyň güýçlenmegi. AlphaFold, beloklaryň gurluşyny çaklamak üçin modelleriň üstünliklerinden soň, emeli intellekt material ylymlarynda we biologiýada işjeň ulanylyp başlanar.
Mundan başga-da, EI-tehnologiýalary milli howpsuzlyk ulgamyna has ýakynlaşar. OpenAI we Microsoft ýaly kompaniýalar aňtaw we goranyş ugurlarynda gurallar işläp düzmek üçin harby guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ederler.
Ahyrsoňy, NVIDIA çipler ulgamynda hakyky bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolup biler, sebäbi Amazon we AMD ýaly iri oýunçylar we başlangyçlar täze prosessor arhitekturalaryny işläp düzmekde işjeňleşerler.