Türkmenistanyň Dohadaky ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow 9-njy ýanwarda Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammet Al-Horr bilen duşuşdy. Taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen diplomaty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Kataryň Diplomatiýa institutynyň arasyndaky Ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini aýratyn belledi.
Mundan başga-da, Seýitmämmedow, Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň şygaryna – “Parahatçylyk we ynam ýyly” bagyşlanan çäreler barada gürrüň berdi.