Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesine ýetirilmegini meýilleşdirýär. Respublika bu ugurda dünýä tejribesini özleşdirip, Global metan borçnamasyna goşuldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” habar gullugy habar berdi.
Milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň arasynda nebit-gaz pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýokary hilli bäsdeşlige ukyply ekologiýa taýdan arassa önümleriň islegini göz öňünde tutup, onuň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak we ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy kompaniýalar we maliýe düzümleri bilen işewür aragatnaşyklary ýola goýmak bar.
Respublika, şeýle hem, BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň çäklerinde döredilen MARS sanly platformasynyň işine göni gatnaşmaga uly ähmiýet berýär.
Mundan başga-da, ýurtda nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylmy mümkinçilikleri artdyrmak, toplumyň ösüşinde gözleg we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň roluna aýratyn üns berilýär.