Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 14-nji ýanwarda Aşgabatda italýan kärdeşi Edmondo Çirielli bilen duşuşdy. Taraplar syýasy geňeşmeler geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşler döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar şeýle hem «Parahatçylyk we ynam ýyly» çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, olar işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda duşuşyklary we forumlary geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Mundan başga-da, Ahmet Gurbanow we Edmondo Çirielli arheologiýa, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini bellediler, syýasy dialogy işjeňleşdirmäge özara taýýarlyklaryny tassykladylar.