Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şu günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar.
Ýurdumyz bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli, öňdengörüjilikli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi aýrylmaz şert bolup çykyş edýär.
Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir. Abraýly halkara bilermenler tarapyndan tassyklanan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda kepillikli eksport etmäge mümkinçilik berýär.
Döwran HANOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby