2020 12 19 08 19 00 e1615447708360 THE ASHGABAT TIMES

Ekologiýa abadançylygy – ýagty geljegiň binýady

27.01.2025

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. 

Arid zolagynda ekerançylygyň we suwdan peýdalanmagyň ägirt uly tejribesine eýe bolmak bilen, ýurdumyz bu ulgamdaky ylmy barlaglaryň öň hatarynda çykyş edip, beýleki döwletleri hem suw gorlaryna tygşytly çemeleşmäge çagyrýar. Şunda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň möhüm ähmiýeti bar. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy Garagum sährasynyň howa gurşawynyň gowulanmagyna ýardam edip, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrýar, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň oňyn özgermegine getirýär. Aral deňzi sebitiniň durmuş-ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem çäreleriň giň toplumy amala aşyrylýar.

Diňe bir durmuş-ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly meýdança hökmünde täze Arkadag şäherini mysal getirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen baglanyşyklydyr. Sebitde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan «akylly» şäher rahat ýaşamak, zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary özünde jemläp, ekologik ölçeglere doly laýyk gelýär, daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar. Şäherde sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy, desgalaryň gurluşygynda bolsa ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy.

Mundan başga-da Diýarymyzda gerimi boýunça ägirt uly tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly oňaýsyz ýagdaýlara garşy umumydünýä tagallalaryna goşulýan ägirt uly goşantdyr. Häzirki wagtda Watanymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary emele geldi. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. 

Amala aşyrylýan giň gerimli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezýär. Daşky gurşawyň köpdürlüligini goramak we baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Tebigat baradaky alada häzirki döwrüň iň wajyp wezipeleriniň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistan Ýer ýüzüniň häzirki we geljek nesilleriniň abadançylygynyň bähbidine ählumumy ekologik meseleleriň oňyn çözgütlerini öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orny eýeleýär.

Wepa ÖWEZOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
265119c7989720088f19feae2861800d3254d02f THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Erkek ýag we syr diýetasyna geçdi, derisinden holesterin akyp başlady

90d76c7e619601be6142df707d0b4549eb4f29d0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Insider Exynos 2500 çipsetiniň aýratynlyklaryny açdy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss