gggrgrg THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň BMG-nyň agzalygyna kabul edilen güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

27.02.2025

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda ýurdumyzyň yokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan gurnaldy.

ggggg THE ASHGABAT TIMES


Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine 1992-nji ýylyň mart aýynyň 2-ne täze Garaşsyz döwlet hökmünde girdi. Şondan bäri BMG Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) jogapkär bolup duran milli ileri tutulýan ugurlara ýetmek üçin Türkmenistana goldaw berýär. BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysy hökümetiň ösüş babatyndaky üç sany strategik ugrunda ileri tutýan ägirt uly tagallalary boýunça BMG-niň strategiki hereketlerini kesgitlemek we ol ugurda ylalaşyga gelmek üçin hökümet bilen maslahatlaşyp BMG-niň ýurt boýunça toparyna ýolbaşçylyk edýär: adamlaryň gyzyklanmalaryna gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy; inklýuziw, ýaşyl we durnukly ykdysady ösüş; BMG-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň täze çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen ýokary hilli, inklýuziw we elýeter saglyk, bilim we durmuş goragy. BMG-niň agentlikleri öz alyp barýan işlerini bilelikdäki döredilen netijeler boýunça toparlarynyň çäginde bilelikdäki iş meýilnamalar arkaly utgaşdyrýarlar.
Bu abraýly gurama tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. Şoňa görä-de, ýokary guramaçylykly geçirilen bu bäsleşik halkara gatnaşyklarynda halkara hukugynyň ähli subýektleriniň arasynda gatnaşyklary utgaşdyrmakda, ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orny eýeleýän Birleşen Milletler Guramasy we onuň işiniň esasy ugurlary boýunça talyp ýaşlaryň bilimlerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Arslan GUWANÇMYRADOW

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:55 pm, Feb 27, 2025
temperature icon 8°C
облачно с прояснениями
Humidity 39 %
Pressure 1024 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:41 am
Sunset Sunset: 6:57 pm
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ynsan we Tebigat Arasyndaky Baglanyşyk

61d54013715e1137 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oba hojalyk pudagy ösüşiň rowana  ýolunda

Soňkylar Habar

GitTop