i 23 THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025

Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başlanan ägirt uly özgertmeleri dowam etdirmelidirler, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmelidirler, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da artdyrylmagyna, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmelidirler. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesli häzirki döwürde geljegi döredijiler diýip atlandyryp biler. Watanymyzyň gazanan üstünliklerinden ylham alýan bagtyýar ýaşlar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlas bilen zähmet çekýärler, milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ylym-bilim, jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýarlar, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler.

Aýdyň geljegi gurmaga işjeň gatnaşýan ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy şol ugurlaryň biridir. Giň mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ýaş nesil ählumumy durnukly ösüşe ägirt uly goşant goşýar we umumy bähbidiň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini açýar.

Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýaşlar syýasaty, ilkinji nobatda, bu ugra gönükdirilendir.

Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, ýaşlar daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde hünär bilimini alýarlar, halkara bilim, döredijilik we sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler hem-de ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Ynanyşmaga we umumy bähbitlere esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esaslandyrylan berk binýady Merkezi Aziýa döwletlerine geljege ynamly garamaga, hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň gerimi boýunça uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge şert döredýär.

Ruslan AŞANOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
666926f6e6dba400028542 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

i 24 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop