img 20250306 223618 scaled THE ASHGABAT TIMES

Howpsuzlygyň başynda: Merkezi weterinariýa barlaghanasy maldarçylyk önümleriniň iýmit howpsuzlygy boýunça amaly okuwlary geçirýär.

07.03.2025

2025-nji ýylyň 5-nji martynda FAO-nyň «Merkezi Aziýada “Bitewi Saglyk” çemeleşiginiň esasynda pandemiýalara taýýarlyk we jogap çäreleri» taslamasynyň çäginde Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi weterinariýa barlaghanasynda maldarçylyk önümleriniň iýmit howpsuzlygy boýunça amaly formatda geçirildi. Okuwa gatnaşyjylar, şol sanda weterinariýa we laboratoriýa hünärmenleri, bilimlerini çuňlaşdyrdylar we haýwanlardan gelip çykýan iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda amaly endiklerini ösdürdiler. Bu amaly okuw maslahaty iýmit howpsuzlygyna abanýan howplary ýüze çykarmaga gönükdirilen laboratoriýa barlaglaryň esasy taraplaryny jikme-jik gözden geçirdiler. Önümiň hiline gözegçilik usullaryna, şeýle hem iýmit howpsuzlygy bilen baglanyşykly bolup biljek töwekgelçilikleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin täsirli çemeleşmelere aýratyn üns berildi. Merkezi weterinariýa barlaghanasynyň hünärmenleri diagnostika we laboratoriýa synaglary babatynda gymmatly tejribe paýlaşdylar. Amaly sapaklar gatnaşyjylara diňe bir teoretiki bilimlerini çuňlaşdyrmaga däl-de, eýsem bu möhüm ugurda hünärlerini we hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga goşant goşan hakyky laboratoriýa şertlerinde hem ulanmaga mümkinçilik berdi.

img 20250306 223416 THE ASHGABAT TIMES

Döwlet weterinariýa gullugynyň merkezi edarasynyň wekilleri, weterinar lukmanlar Arslan Soltanmyradow we Begenç Garaýew, maldarçylyk önümleriniň iýmit howpsuzlygy boýunça amaly okuwlara gatnaşdylar. Mundan başga-da, okuw maslhatyny amaly okuwlary geçirlenler Merkezi weterinariýa barlaghanasynyň Bakteriologiýa bölüminiň müdiri  şeýle hem FAO-nyň konsultanty Akmyrat kazhanhanow.

Okuw maslahatynyň geçirmegiň esasy maksatlary:

– Iýmit howpsuzlygynyň esasy ýörelgeleri we haýwanlardan gelip çykýan önümlere weterinariýa we sanitariýa barlaglaryny geçirmegiň usullary bilen tanyşmak.

– Hünärmenleri kämilleşdirmek: Weterinariýa hünärmenlerini we laboratoriýa işgärlerini haýwanlardan gelip çykýan iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin häzirki zaman usullary we çemeleşmeleri öwretmek.

– Laboratoriýa bilimlerini artdyrmak: Gatnaşanlary laboratoriýa barlaglarynyň we önümiň hiline gözegçilik etmegiň esasy taraplary, şeýle hem iýmit howpsuzlygy howplaryny anyklamak üçin iň oňat tejribeler bilen tanyşdyrmak.

– Amaly endikleri ösdürmek: Häzirki zaman laboratoriýa enjamlary we mallardan gelip çykyan iýmitleriň howpsuzlygyna gözegçilik etmegiň usullary bilen işlemek endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly sapaklary geçirmek.

img 20250306 223900 THE ASHGABAT TIMES

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 24 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

Azerbeýjan
Next Story

Azerbeýjan Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçihanasyndan Iftar Agşamlygy

Soňkylar Habar

GitTop