THE ASHGABAT TIMES

Nowruz geler ilime güller açar diýarym

10.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni taryhy wakalara beslenip türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.

Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji martynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenip geçirilýär. Dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy umumy adamzat medeni ösüşinde aýratyn orny eýeleýär.

Dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýän, medeniýetleriň gadymy taryhyny, zähmet dessurlaryny we maşgala däplerini, saz mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýan Nowruz baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizililmegi bolsa bu baýramyň many-mazmunyny we ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmen halkynda Nowruz güni Nowruz ösümliklerinden taýýarlanýan tagamlara aýratyn üns berlipdir. Däbe görä, baýramçylyk saçagyna ýedi dürli tagam goýmak däp bolupdyr. Olar esasan hem däneli ösümliklerden (bugdaý, arpa, dary, tüwi, mäş, nohut, noýba) taýýarlanylypdyr. Şolaryň arasynda bolsa, Nowruzda gadymdan bäri adata öwrülen tagam atýýarlamak däplerimiziň biri hem semeni taýýarlamakdyr. Semenini däp-dessurlarymyza laýyklykda il arasynda uly abraýa we hormata eýe bolan zenanlar tarapyndan taýýarlanylýar. Taýýar bolan semeni goňşy golamalara, myhmanlara paýlanylýar. Nowruzda üýşüp semeni taýýarlamagyň, ony uly il bolup, paýlaşmagyň baş maksady bolsa – Täze ýylyň bol hasylly, rysgal bereketli, ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini arzuwlamak bolup durýar.

Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri türkmen halk döredijiliginiň ähli görnüşlerini, pederlerimiziň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde saklap gelýär.

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bolsa bu baýramçylyk ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapýar. Nowruzyň gelmegi bilen baglanşykly döredilen sanawaçlar, läleler, monjukatdylar, hüwdiler, öleňler, gazallar, nakyllar bolsa milli halk döredijiligimiziň genji-hazynasydyr. Türkmeniň milli senedi bolan gazma dutaryň we gyjagyň mukamy, halypa bagşylaryň belent owazy, gargy tüýdügiň ýanyndaky ýanama aýdymlaryň joşgunly sesi Nowruz baýramynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmen halkynyň özüne mahsus bolan däp-dessury ynançlary, milli häsiýetleri nesilden-nesle geçip, biziň şu günlerimize gelip ýetdi.

Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň agzybirligiň jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, dünýä nusgalyk asylly başlangyçlary, beýik işleri hemişe rowaç bolsun.

Sülgünjemal NURYÝEWA
Mary welaýat kitaphanasynyň Neşirleri toplamak
we işlemek bölüminiň kitaphanaçysy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ylym – bilim ösüşleriň binýady

Soňkylar Makalalar

Ylym – bilim ösüşleriň binýady

10.03.2025
Garaşsyz Watanymyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň çar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025
Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

05.03.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika
GitTop