Dark
Light
24.01.2026
vospaleniya trojnichnogo nerva THE ASHGABAT TIMES

 Ýüz Nerwiniň Newridi

12.03.2025

Ýüz nerwiniň newridi – ýüzüň bir tarapynda ýüzi doly ýa-da bölekleýin ysmazlyga sezewar edýän, sowuklama, ýokanç keseller ýa-da autoimmun bozulmalar sebäpli ýüze çykýan kesel.

Bu keseliň esasy sebäpleri wirusly ýokançlyklar (meselem, gerpes wirusy), stres, bedenň sowuklamagy we ganyň mikrosirkulýasiýasynyň bozulmagydyr.

Keseliň esasy alamatlaryna ýüzüň bir tarapynda ysmazlyk, gözüň doly ýapylmazlygy, agyz burçunyň aşak gaçmagy, dilden suwuň syzmagy we dad duýgusynyň üýtgemegi girýär. Bejergisi steroid dermanlaryny ulanmak, B toparynyň witaminlerini kabul etmek, akupunktura we ýüz myşsalary üçin ýörite maşklar bilen alnyp barylýar.

Ýüz nerwiniň bejergisi wagtynda geçirilse, köp halatlarda ýüzi doly dikeltmek mümkin bolýar.

Jennet KAKAMYRADOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

s352hc9f35b402fdf78525f688f8b5aa6e0b1ea5040f6 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Kelle Beýnisiniň 4-nji Garynjygynyň Täze Döreme Keseli

unnamed 2 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bil Onurganyň Miyelopatiýasy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop