i 27 THE ASHGABAT TIMES

Baýramlaryň soltany – Milli bahar baýramy

13.03.2025

Ýurdumyzda howanyň ýylamagy bilen, tebigat gaýtadan janlanyp, gyş pasly ornuny bahara berýär. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen, tutuş tebigat janlanýar. Baharyň nurana baýramlarynyň biri bolan Halkara Nowruz baýramynda owadanlyk, täzeleniş, tebigy özgeriş we zemin görklenişi jemlenýär. Täze günüň – Täze ýylyň başlanmagy, gije bilen gündiziň deňleşmegi, ýaýlanyň ýaşyl mahmala beslenmegi tebigatyň täzelenşini we sazlaşygyny dabaralandyrýar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýip taryp eden Nowruz baýramy bu günki günde asyrlaryň, nesilleriň kalbyndan geçip, diňe bir tebigatyň däl, ynsanlaryň we milletleriň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy dabaralandyrýar. Nowruz baýramynda däneli-kösükli ösümlikleriň ýedi görnüşinden bugdaýdan, arpadan, şalydan, mäşden, noýbadan, süleden, jöwenden tagamlar taýýarlanyp, toý saçagy bezelipdir.

Döwlen bugdaýdan, arpadan, ýarmadyr şalydan dürli tagamlary, jöwenden nowruz köjesi taýýarlanypdyr. Bugdaýyň arpanyň unundan unaş edip, oňa noýba atypdyrlar. Bugdaý dänesini gaplarda çykyşyndan, boý alyşyndan çen tutup, bu ýylda hasylyň, rysgalyň nähili boljakdygyny kesgitläpdirler. Bu maýsadan semeni bişirmek hem Nowruzyň özboluşly däbi bolup galypdyr. Semenini, adatça köplük bolup taýýarlap, ony goňşy-golama, dogan-garyndaşlara paýlapdyrlar. Semeniden dadyp, ony bişirinenlere, il-güne ýagşy dileg etmek gowy däpleriň biri bolupdyr.

Zemine rysgal bereket eçilip gelen bahar her birimiziň kalbymyzy päk niýetlere, ýagşy arzuwlara baglaýar. Adamlaryň ýüreklerini söýgüniň we bagtyň şuglasy bilen nurlandyryp, özüniň täze açylan güli, göwünleri heýjana getirýän ajaýyp täze görki bilen ata Watana, ene topraga bolan söýgüsini has belende göterýär.

Begli MÄMMEDOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
2020 11 02 19 03 13 e1604721974291 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Okatmagyň häzirki zaman usullarynyň lukmançylykda ulanylmagy

i 28 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň baş maksady

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop