img 5675 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan BMGÖM we Aşgabatdaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy bilen döredijilik we innowasiýa ykdysadyýet forumyny geçirmek üçin hyzmatdaşlyk edýär

15.03.2025

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 14-nji marty – 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynam ýyly hökmünde yglan edilmegi mynasybetli geçirilen “Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti” atly halkara forum üstünlikli tamamlandy. 2025-nji ýylyň 13-14-nji martynda bolup geçen bu çäre, Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi we ÝUNESKO işleri boýunça Türkmenistanyň Milli Komissiýasy bilen hyzmatdaşlykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy tarapyndan guraldy. Forum, Türkmenistanda dinamiki we dowamly döredijilik we innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmek strategiýalaryny öwrenmek üçin esasy gyzyklanýan taraplary, syýasatçylary, pudak ýolbaşçylaryny we telekeçileri birleşdirdi.

Ara alyp maslahatlaşmalar ykdysady diwersifikasiýa, telekeçilik we durnukly ösüşe itergi bermekde döredijiligiň we innowasiýanyň üýtgediji güýjüni görkezdi. Mowzuklar medeni miras pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, döredijilik ösüşinde sanly tehnologiýalaryň roly, telekeçilik üçin maýa goýum mehanizmleri we innowasiýalarda inklýuziwlygyň ähmiýeti öz içine aldy.

Innowasiýa we döredijilik durnukly ösüş üçin esasy faktorlar. Döredijilik ykdysadyýetini ösdürmek bilen, Türkmenistan ykdysadyýetini diwersifikasiýa edip, iş orunlaryny döredip we geljekki nesшд telekeçiler üçin mümkinçilik döredip biler “- BMGÖM-iň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan diýip belledi.BMGÖM ýurduň dinamiki we inklýuziw innowasiýa ekoulgamy baradaky garaýşyny goldamagy dowam etdirýär. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysady ösüşi baradaky garaýşyny emele getirmek, syýasat mümkinçiliklerini kesgitlemek we has gülläp ösýän geljege maýa goýumlaryny çekmek üçin platforma bolup hyzmat edýän bu möhüm çäräni geçirýändigimize buýsanýarys.”

img 5566 THE ASHGABAT TIMES

Dialoga we iň oňat halkara tejribesini alyş-çalyş etmek arkaly Forum has güýçli goldaw ulgamlary, hususy pudagyň has köp gatnaşmagy we has innowasion ykdysady ýagdaý üçin esas döretdi. Pudagyň inklýuziw ösüş we deň mümkinçilikler üçin katalizator bolmagyny kepillendirip, döredijilik pudagynda zenanlaryň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmeklige aýratyn üns berildi.

img 5750 THE ASHGABAT TIMES

“Beýik Britaniýanyň bu döredijilikli we innowasiýa ykdysadyýetiniň bu forumyny goldaýandygyna begenýärin. Beýik Britaniýa döredijilikli pudaklaryň ýurduň ykdysadyýetine wajyp goşandyny ykrar edýär”-diýip, Beýik Britaniýanyň Ilçisi, Onuň Aly Hezreti Stiwen Konlon belledi. “Bu pudaklar 125 milliard funt sterling umumy goşulan baha emele getirýär we 2,4 million adamy iş ýerleri bilen üpjün edýär. Beýik Britaniýanyň Medeniýet ministriniň belleýşi ýaly, “Kino we modadan saza we mahabata çenli biziň dünýä derejeli döredijilikli pudaklarymyz Britaniýanyň ähli künjeklerinde ykdysadyýetiň ösüşini höweslendirmek boýunça borjuny durmuşa geçirmekde çözüji rol oýnaýar.”

Ykdysady forumyň öňüsyrasynda Iş-Nokady iş meýdanynda “Döredijilik we innowasiýa ykdysadyýetiniň ösüşi” atly forumdan öňki çäre geçirildi. Bu çäre serhetara bilim alyşmagy ýeňilleşdirmek, hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we döredijilik hem-de innowasiýa ykdysadyýetiniň ösüşini çaltlaşdyrmak üçin açyk gepleşikleri we hyzmatdaşlygy höweslendirmeklige goldaw berip, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 100 döredijini jemledi.

img 5748 THE ASHGABAT TIMES

Şeýle hem, forumda, medeni mirasy innowasiýa we durnuklylyk bilen birleşdirýän senetçiler, dizaýnerler we ussatlar görkezilen Türkmenistanyň dürli döredijilik pudaklaryna bagyşlanan sergi geçirildi. Bu sergide dokma, keramika, zergärçilik we sungat hem senetçilik ýaly adaty we häzirki zaman işleri, şeýle hem häzirki zaman robot sergileri we döredijilik syýahatçylyk taslamalary görkezildi. El işleri moda sergisi medeni mirasyň, döredijiligiň we innowasiýanyň arasyndaky baglanyşygy has hem aýdyň görkezdi.

“Häzirki wagtda döredijilik we innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmek gün tertibiniň sebitleýin we global ileri tutulýan ugruna öwrülýär” – diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary doktor Çynar Rüstemowa belledi. “Şu nukdaýnazardan, BMGÖM we Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyň ilçihanasy tarapyndan biziň ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini döredijilik we innowasiýa ykdysadyýetiniň ösüşini goldamak arkaly ösdürmäge gönükdirilen täze taslamasynyň  aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Döredijilik pudaklarynyň sanly üýtgemeginden başlap, başlangyç taslamalarynyň döredilmegine çenli mowzuklaryň giň gerimini hödürleýän bu günki “Döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti forumy” taslamany esaslandyryjylaryň bu başlangyjy  durmuşa geçirmäge ygrarlylygynyň ajaýyp mysaly bolup çykyş edýär.

Iki gün dowam eden forumyň barşynda gatnaşyjylar maýa goýum çarçuwalaryny berkitmek, sanly başarnyklary ýokarlandyrmak we syýasatçylar bilen döredijilik telekeçileriniň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm teklipleri berdiler. Gyzyklanýan taraplar ykdysady diwersifikasiýa itergi berýän, medeni mirasy gorap saklaýan we Türkmenistanda inklýuziw ösüşi goldaýan dinamiki döredijilik ykdysadyýetini ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
shutterstock 2465630553 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Tehnologiýanyň lukmançylykdaky üstünlikleri

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

10.03.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
GitTop