THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

12.03.2025

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Men siziň ähliňizi bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obalar, şäherler gurulýar. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär.

Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan bu ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gurlup ulanmaga berilýän binalardyr desgalar milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmäge, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Biz mundan beýläk hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmegi dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça desga hem ulanmaga berler.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, kärhanalarda öndürilýän gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ine, şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasy hem aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Döwrebap kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer. Kärhana birnäçe binadan we desgadan ybarat bolup, bu ýerde 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleri döredilen.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, şeýle-de Ahal welaýatynyň ilatyny bu möhüm desganyň işe girizilmegi bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Ahal welaýatynyň Bäherden etraby, 2025-nji ýylyň 12-nji marty)

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
8:28 pm, Mar 13, 2025
temperature icon 17°C
небольшая облачность
Humidity 25 %
Pressure 1024 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:20 am
Sunset Sunset: 7:11 pm
j3tjdjttuldqq7cuwkgrqotwo1zhd1oh1p0e1wlm THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea bilen duşuşyk geçirildi

jy5gmubfoco5eqimmz1mjedd9jg1seoo3qdky3ha THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Hormatly Prezidentimiz Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Soňkylar Habar

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

10.03.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
GitTop