JDv6lzluMX THE ASHGABAT TIMES

MAGTYMGULY PYRAGY ÄHLI DÖWÜRLERIŇ ŞAHYRYDYR

31.01.2024

Berkarar döwletiň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Türkmeniň medeniýeti ösüp, öz gadymy medeni mirasyna eýe bolýar. Şeýle-de 2024-nji ýylyň “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylmagy munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragy ähli döwrüň şahyry bolup, hemişe öçmejek şugla saçýar. Akademik Ýewgeniý Eduardowiç Bertels: “Magtymguly türkmeniň poeziýasynyň gymmat baha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar… Magtymguly Jemşidiň jamydyr” diýip, jaýdar belläpdir. Rowaýatlarda aýdylşyna görä gadymy Eýran şalarynyň biri bolan Jemşidiň bir ajaýyp jamy bolup, şol jam bilen ol dünýäniň ähli boljak-geljegini görüp bilipdir. Beýik akyldar Magtymguly Pyragy ýöne ýere “Jemşidiň jamyna” meňzedilmändir. Sebäbi ol öz döwründe ähli tebigy hadysalara göz ýetirip bilen akyldardyr. Mysal üçin ol “Niçe ýaşyndadyr” atly goşgusynda

Ýer göteren sary öküz,
Bilmen, niçe ýaşyndadyr.
Tört müň tört ýüz aýagy bar,
Hemmejesi döşündedir.

diýmek bilen, “Ýer göteren sary öküziň” Gündigini, Günüň näçe ýaşyndadygynyň näbellidigini we onuň ýeri öz okunda saklaýandygyny, Günden dört müň dört ýüz dürli şöhläniň çykyp, olaryň Gün täjinde jemlenendigini mälim edipdir. Diýmek, akyldar şahyrymyz baryp-ha şol döwürlerde planetalaryň Günüň daşynda aýlanýandygyna, ýeri bolsa günüň saklaýandygyna akyl ýetiripdir we ony beýan edipdir.
Ýa-da şol goşguda:

Guýrugy zeminiň ýary,
Göwresi dünýäniň bary,
Magrypdan maşryga sary
Iki şahy başyndadyr.

diýmek bilen, “guýrugy zeminiň ýary”, ýagny ekwator çyzygyny, “göwresi dünýäniň bary”, ýagny günüň öz göwresi bilen dünýäniň ähli ýerini saklap, ýaşaýyş üçin iň derwaýys ýagtylygy berýändigini, barlygyň gün bilendigini, “magrupda”- gündogarda dogup, “maşrykda”- günbatarda batyp, gije-gündiziň çalyşmagy bilen hereket edip, “iki şahy başyndadyr” diýmek bilen bolsa, ýeriň magnit polýusynyň bardygyny beýan edipdir. Sebäbi gündogardan günbatara hereket edilse, günortadan demirgazyga garşy geçýän magnit polýusy, şah ýaly şekili emele getirýar.

Şeýle-de akyldar şahyrymyzyň sufistik akymly goşgulary hem bardyr. Şahyryň öz döwründe Seýit Ymameddin Abulfazyl Nesiminiň halypasy bolan Fazylla Naýymynyň eserlerini ürç edip okandygy onuň goşgularynda has aýdyň görünýär. Akyldar şahyrymyz özüniň “Iglärler” atly goşgusynda

Sag-salamat sermest bolup gezen jan
Dört belanyň birisinden iglärler.
Ýa sowukdan, ýa yssydan guryr gan,
Ten üstünde tebipleri eglärler

diýip beýan edýär. Sebäbi Naýymy öz döwründe her bir zat dört zatdan, ýagny suw, howa, toprak we otdan ýaradylan diýilýän ideýany öňe sürüpdir. Akyldar şahyr “dört belanyň birisinden iglärler”-diýmek bilen, şol dört zady göz öňünde tutýar. Goşgynyň üçünji setirinde şahyr şol dört zadyň ikisini aýdyň beýan edýär.

Taryha ser salsaň, häzirki Hazar deňzine Girkaniýa (möjekler ýurdy), Abeskun, Jurjan, Deýlem, Gulzum, Hazar, Kaspi atlary bilen tutulandygy mälimdir. Hazar deňziniň “Bahri-hazar” ady ilkinji gezek X asyrda ýaşap geçen arap syýahatçysy we geografiýaçysy Istahriniň “Döwletleriň ýollar kitaby” diýen eserinde duş gelinýär. Hazar deňziniň ýene bir gadymy ady Guz (oguz) deňzidir. Ol türkmenleriň ata-babalarynyň-Oguzlaryň Hazar kenarlaryna oranaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Hazar ady deňziň demirgazyk günbatar kenarlarynda ýaşan halkyň adydyr. Hazar deňziniň Gulzum adyny agzanymyzda Magtymgulynyň:

“Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Guradar Gulzumy derýaýy Nili,
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz”

diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Setirlerden görnüşi ýaly Magtymguly Pyragy agzybirligi ündäp, bir döwlete, bir kanuna gulluk etmegi ýüreginde arzuwlan şahyrdyr. Onuň eden arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýäminiň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň we hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşýar we dowam edýär. Goý, mundan beýläk hem hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň we hormatly Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleri rowaç alsyn!

Döwletgeldi WELIÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:39 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
uU4GIOAlwU THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

SATUWY HÖWESLENDIRMEGIŇ USULARY

KuqhVI6DqT THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ÖWRENMEK WE BILIM HAKDA AÝDYLANLARDAN

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop